1 Kings 19:21 — Compare Translations

2 translations compared side by side

Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Эляша Ыляс пыгамбериң янындан гайдып, бир җүбүт өкүзиң боюнтырыкларыны айрып, оларың дамагыны чалды. Азалың агачларыны якып, өкүзлериң этлерини биширип, халка пайлады, халк оны ийди. Ондан соң Эляша гидип, Ыляс пыгамбериң ызына эерип, онуң шәгирди болды.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Elýaşa Ylýas pygamberiň ýanyndan gaýdyp, bir jübüt öküziň boýuntyryklaryny aýryp, olaryň damagyny çaldy. Azalyň agaçlaryny ýakyp, öküzleriň etlerini bişirip, halka paýlady, halk ony iýdi. Ondan soň Elýaşa gidip, Ylýas pygamberiň yzyna eýerip, onuň şägirdi boldy.