1 Samuel 14:45 — Compare Translations

2 translations compared side by side

Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Шондан соң халк: «Ёнатаны өлдүрҗекми? Ысрайылы шу бейик еңше етирени өлдүрмекчими?! Баша бармаз! Ребден ант ичйәрис, Ёнатана бармагыңам батырмарсың. Чүнки бу гүн ол Худайың ярдам бермеги билен сөвешди» дийип, Шавула гаршылык гөркездилер. Шейдип, халк Ёнатаның башыны өлүмден гутарды.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Şondan soň halk: «Ýonatany öldürjekmi? Ysraýyly şu beýik ýeňşe ýetireni öldürmekçimi?! Başa barmaz! Rebden ant içýäris, Ýonatana barmagyňam batyrmarsyň. Çünki bu gün ol Hudaýyň ýardam bermegi bilen söweşdi» diýip, Şawula garşylyk görkezdiler. Şeýdip, halk Ýonatanyň başyny ölümden gutardy.