2 Chronicles 21:12 — Compare Translations

2 translations compared side by side

Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Ехорама Ылясдан ине, шу хат гелди: «Атаң Давудың Худайы Реб шейле диййәр: „Сен какаң Ехошападың ве Яхуданың патышасы Асаның ёлларына эермән, эйсем Ысрайылың патышаларының ёлларына эерип, Ысрайылың патышасы Ахабың Ысрайыла эдиши ялы, Яхуданың ве Иерусалимиң илатына Худая бивепалык этдирдиң. Сен шейле хем өз машгала агзаларың болан инилериңи өлдүрдиң. Олар сенден говудылар.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
[12-13] Ýorama Ylýasdan ine, şu hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Sen kakaň Ýehoşapadyň we Ýahudanyň patyşasy Asanyň ýollaryna eýermän, eýsem Ysraýylyň patyşalarynyň ýollaryna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň Ysraýyla edişi ýaly, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň. Sen şeýle hem öz maşgala agzalaryň bolan inileriňi öldürdiň. Olar senden gowudylar.