2 Chronicles 36:3 — Compare Translations
2 translations compared side by side
Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Мүсүр патышасы Неко Иерусалимде Ехогахазы тагтдан агдарып, юрда бир йүз етмиш батман күмүш, бир ярым батмана голай хем алтын салгыт салды. Ол Ехогахазың доганы Элякымы онуң ерине Яхуда ве Иерусалиме патыша эдип, онуң адыны Ехоякым дийип үйтгетди. Онсоң Неко патыша Ехогахазы алып, Мүсүре гелди.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
[3-4] Müsür patyşasy Neko Iýerusalimde Ýehogahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batman hem altyn salgyt saldy. Ol Ýehogahazyň inisi Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Onsoň Neko patyşa Ýehoýakymyň inisi Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi.