2 John 1:12 — Compare Translations
4 translations compared side by side
Turkmen 2002 Инжил
Сизе язмалы көп затларым бар, йөне кагыз, сыя билен язасым геленок. Эмма шатлыгыңыз кәмил болар ялы, яныңыза гелип, сизиң билен йүзбе-йүз гүрлешерис диен умыдым бар.
Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Сизе айтмалы затларым көп, йөне олары сыя, кагыз билен язасым геленок. Муңа дерек яныңыза барып, сизиң билен йүзбе-йүз гүрлешерис диен умыдым бар. Шонда шатлыгымыз долуп-дашар.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Size aýtmaly zatlarym köp, ýöne olary syýa, kagyz bilen ýazasym gelenok. Muňa derek ýanyňyza baryp, siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar. Şonda şatlygymyz dolup-daşar.
Turkmen Latin 2002
Size ýazmaly köp zatlarym bar, ýöne kagyz, syýa bilen ýazasym gelenok. Emma şatlygyňyz kämil bolar ýaly, ýanyňyza gelip, siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar.