2 Kings 7:18 — Compare Translations

2 translations compared side by side

Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Чүнки Худайың адамының патыша: «Эртир шу вагтлар Самарияның дервезесиниң агзында ики окара арпа үч мысгала голай күмше, бир окара сайлама ун үч мысгала голай күмше чалшылар» диенде, патышаның иң якын нөкери Эляша пыгамбере: «Эгер Реб гөкден пенҗирелер ачып, дәне ягдыраянда-да, хей, шейле зат болуп билерми?» дийипди. Эляша пыгамбер хем: «Сен оны өз гөзлериң билен гөрерсиң, йөне сен ондан иймерсиң» дийип җогап берипди.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
[18-19] Çünki Hudaýyň adamynyň patyşa: «Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda iki okara arpa üç mysgala golaý kümşe, bir okara saýlama un üç mysgala golaý kümşe çalşylar» diýende, patyşanyň iň ýakyn nökeri Elýaşa pygambere: «Eger Reb gökden penjireler açyp, däne ýagdyraýanda-da, heý, şeýle zat bolup bilermi?» diýipdi. Elýaşa pygamber hem: «Sen ony öz gözleriň bilen görersiň, ýöne sen ondan iýmersiň» diýip jogap beripdi.