Acts 17:5 — Compare Translations

4 translations compared side by side

Turkmen 2002 Инжил
Йөне иман этмедик ехудылар гөрипчилик этдилер, базарда бош айланып йөрен ярамаз адамларың бирнәчесини янларына алып, үйшмелең гурап, шәхерде топалаң туруздылар. Ясонуң өйүне хүҗүм эдип, Павлус билен Силасы халкың өңүне чыкарҗак болдулар.
Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Эмма яхудылар гөрипчилик этдилер, олар базарда бикәр гезип йөрен эрбет адамларың бирнәчесини янларына топлап, шәхерде гозгалаң туруздылар. Павлус билен Силасы тапып, мәхелләниң өңүне чыкармак үчин, Ясоның өйүне дөкүлдилер.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Emma ýahudylar göripçilik etdiler, olar bazarda bikär gezip ýören erbet adamlaryň birnäçesini ýanlaryna toplap, şäherde gozgalaň turuzdylar. Pawlus bilen Silasy tapyp, mähelläniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne döküldiler.
Turkmen Latin 2002
Ýöne iman etmedik ýehudylar göripçilik etdiler, bazarda boş aýlanyp ýören ýaramaz adamlaryň birnäçesini ýanlaryna alyp, üýşmeleň gurap, şäherde topalaň turuzdylar. Ýasonuň öýüne hüjüm edip, Pawlus bilen Silasy halkyň öňüne çykarjak boldular.