Colossians 3:22 — Compare Translations

4 translations compared side by side

Turkmen 2002 Инжил
Эй гуллар, әхли затда дүнйәдәки хоҗайыныңызың сөзлерине гулак асың. Муны гөзе якымлы гөрүнйән хызматлар билен адама яранмак ислейәнлер ялы этмән, эйсем, йүрек садалыгы билен, Ребден горкуп ерине етириң.
Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Эй, гуллар, әхли затда ердәки хоҗайыныңыза боюн эгиң. Муны ынсанлара говы гөрүнмек үчин, гөзе якымлы ишлер билен дәл-де, Ребден горкмак билен чын йүрекден ерине етириң.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Eý, gullar, ähli zatda ýerdäki hojaýynyňyza boýun egiň. Muny ynsanlara gowy görünmek üçin, göze ýakymly işler bilen däl-de, Rebden gorkmak bilen çyn ýürekden ýerine ýetiriň.
Turkmen Latin 2002
Eý gullar, ähli zatda dünýädäki hojaýynyňyzyň sözlerine gulak asyň. Muny göze ýakymly görünýän hyzmatlar bilen adama ýaranmak isleýänler ýaly etmän, eýsem, ýürek sadalygy bilen, Rebden gorkup ýerine ýetiriň.