Esther 3:8 — Compare Translations

2 translations compared side by side

Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Соңра Хаман Ксеркс патыша шейле дийди: «Сизиң патышалыгыңызың әхли велаятларындакы халкларың арасына яйран, йөне олардан айры яшаян бир халк бар. Оларың канунлары-да бейлеки халкларыңкыдан үйтгешик. Мундан башга-да, олар патышаның канунларыны берҗай этмейәрлер. Олара бейле зада ёл бермеклик патышаның бәхбидине дәл.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Soňra Haman Kserkse patyşa şeýle diýdi: «Siziň patyşalygyňyzyň ähli welaýatlaryndaky halklaryň arasyna ýaýran, ýöne olardan aýry ýaşaýan bir halk bar. Olaryň kanunlary-da beýleki halklaryňkydan üýtgeşik. Mundan başga-da, olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýärler. Olara beýle zada ýol bermeklik patyşanyň bähbidine däl.