Ezekiel 12:3 — Compare Translations
2 translations compared side by side
Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Шонуң үчин, эй, ынсан оглы, сен есир эдип әкидилйән адам ялы, өз гошуңы тайярла-да, гүндизиң гүни оларың гөзлериниң алнында ёла дүш. Сен есир эдип әкидилен ялы, оларың гөзлериниң алнында өз ериңден башга бир ере гөч. Олар питнечи халк болсалар-да, белки, муңа дүшүнерлер.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Şonuň üçin, eý, ynsan ogly, sen ýesir edip äkidilýän adam ýaly, öz goşuňy taýýarla-da, gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda ýola düş. Sen ýesir edip äkidilen ýaly, olaryň gözleriniň alnynda öz ýeriňden başga bir ýere göç. Olar pitneçi halk bolsalar-da, belki, muňa düşünerler.