Genesis 38:18 — Compare Translations

2 translations compared side by side

Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Яхуда ондан: «Саңа гирев хөкмүнде нәме берейин?» дийип сорады. Ол аял: «Бойнуңдан асылгы мөхүриңи гайшы билен хем-де элиңдәки хасаңы бер» дийди. Шейдип, Яхуда булары оңа берип, онуң билен ятды. Шунлукда, ол аял ондан гөврели болды.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Ýahuda ondan: «Saňa girew hökmünde näme bereýin?» diýip sorady. Ol aýal: «Boýnuňdan asylgy möhüriňi gaýşy bilen hem-de eliňdäki hasaňy ber» diýdi. Şeýdip, Ýahuda bulary oňa berip, onuň bilen ýatdy. Şunlukda, ol aýal ondan göwreli boldy.