Genesis 8:15 — Compare Translations
2 translations compared side by side
Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Реб Нуха: «Аялың, огулларың ве гелинлериң билен гәмиден чык. Яныңда бар болан җанлы-җандарларың әхлисини – әхли хайванлары: гушлары, маллары, сүйрениҗилери өзүң билен гәмиден алып чык. Гой, олар ериң йүзүне яйрап, өрңәп көпелсинлер» дийди.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
[15-17] Reb Nuha: «Aýalyň, ogullaryň we gelinleriň bilen gämiden çyk. Ýanyňda bar bolan janly-jandarlaryň ählisini — ähli haýwanlary: guşlary, mallary, süýrenijileri özüň bilen gämiden alyp çyk. Goý, olar ýeriň ýüzüne ýaýrap, örňäp köpelsinler» diýdi.