Jeremiah 24:1 — Compare Translations
2 translations compared side by side
Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Бабыл патышасы Небукаднесар Яхуда патышасы Ехоякымың оглы Еконяны, Яхуданың ёлбашчыларыны, хүнәрментлер билен демирчилери Иерусалимден Бабыла есир эдип әкитди. Бу вакадан соң Реб маңа Өзүниң ыбадатханасының өңүнде гойлан ики себет инҗири гөркезди.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.