Joshua 14:6 — Compare Translations
2 translations compared side by side
Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Яхуда тиресинден бирнәче адам Ешуваның янына Гилгала гелди. Оларың арасындан Кенизиң агтыгы Епуннәниң оглы Калеп оңа шейле дийди: «Реббиң Кадешбарнеяда икимиз хакда Худайың адамы Муса айдан сөзлерини билйәнсиң.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Ýahuda tiresinden birnäçe adam Ýeşuwanyň ýanyna Gilgala geldi. Olaryň arasyndan Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalep oňa şeýle diýdi: «Rebbiň Kadeşbarneýada ikimiz hakda Hudaýyň adamy Musa aýdan sözlerini bilýänsiň.