Revelation 2:24 — Compare Translations
4 translations compared side by side
Turkmen 2002 Инжил
Эмма сизе, ягны Тиятирадакы бейлекилере, бу таглымата баглы дәллериң барына, оларың дийши ялы, „Шейтаның чуңлукларыны" билмейәнлериң барына айдярын: сизиң үстүңизе башга зат йүклемейәрин.
Turkmen 2016 (Мукаддес Китап)
Эмма сизе, ягны Тиятирадакы Изабелиң бу таглыматына эермедиклериң ве ‘шейтаның сырлары’ дийилйәнлери билмейәнлериң барына шуны айдярын: эгер иманыңызы Мен гелйәнчәм сакласаңыз, сизиң үстүңизе башга зат йүклемерин.
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
[24-25] Emma size, ýagny Tiýatiradaky Izabeliň bu taglymatyna eýermedikleriň we ‘şeýtanyň syrlary’ diýilýänleri bilmeýänleriň baryna şuny aýdýaryn: eger imanyňyzy Men gelýänçäm saklasaňyz, siziň üstüňize başga zat ýüklemerin.
Turkmen Latin 2002
Emma size, ýagny Tiýatiradaky beýlekilere, bu taglymata bagly dälleriň baryna, olaryň diýşi ýaly, „Şeýtanyň çuňluklaryny\ bilmeýänleriň baryna aýdýaryn: siziň üstüňize başga zat ýüklemeýärin.