bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
1 Thessalonians 3
1 Thessalonians 3
Turkmen Latin 2002
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 4 →
1
Şonuň üçin, mundan artyk çydamaga halymyz galmansoň, Afinyda ýeke galmaga razy bolduk.
2
Sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin, Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmakda işdeşimiz, Hudaýyň hyzmatkäri bolan doganymyz Timoteosy ýanyňyza iberdik.
3
Muny bu muşakgatlar zerarly hiç kim gowşamasyn diýip etdik. Sebäbi biziň munuň üçin oturdylandygymyzy özüňiz bilýänsiňiz.
4
Siziň ýanyňyzdakak hem muşakgat çekjegimizi öňünden aýdypdyk. Bilşiňiz ýaly, şeýle hem boldy.
5
Şonuň üçin hem, men mundan artyk çydap bilmän, azdyryjy şeýtan sizi azdyryp, zähmetimiz biderek bolaýmasyn diýip, imanyňyzyň ýagdaýyny bilmek üçin, doganymyzy iberdim.
6
Emma ýanyňyzdan ýaňy gelen Timoteos siziň imanyňyz, söýgiňiz hakda bize oňat habarlar getirdi. Bizi hemişe gowulyk bilen ýatlaýandygyňyzy, biziň sizi göresimiz gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi aýtdy.
7
Şu sebäpden, eý doganlar, biz bütin kynçylykdyr muşakgatlarymyz içinde imanyňyz üçin sizden teselli tapdyk.
8
Indi siz Rebde berk dursaňyz, biz ýaşarys.
9
Hudaýymyzyň öňünde siz sebäpli duýan bütin şatlygymyzyň öwezini siziň üçin Hudaýa nähili şükür etme bilen dolduryp bileris?
10
Biz, ýüzüňizi görmek, imanyňyzyň ýetmezini doldurmak üçin, gije-gündiz tüýs ýürekden doga edýäris.
11
Atamyz Hudaýyň Özi we Rebbimiz Isa ýolumyzy size tarap göneltsin.
12
Reb biziň size bolan söýgimiz ýaly biri-biriňize we bütin adamlara bolan söýgiňizi artdyrsyn.
13
Rebbimiz Isa bütin mukaddesleri bilen gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde mukaddeslikde müýnsüz bolar ýaly, ýüregiňizi berkitsin.
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 4 →
All chapters:
1
2
3
4
5