bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
1 Corinthians 2
1 Corinthians 2
Turkmen Latin 2002
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 3 →
1
Eý doganlar, men size Hudaýyň güwäligini wagyz etmäge gelenimde, söz we akyl artyklygy bilen gelemok.
2
Çünki siziň araňyzdakam, Isa Mesihden, Onuň haça çüýlenmeginden başga hiç bir zady bilmezligi ýüregime düwdüm.
3
Men size ejizlik we gorky içinde geldim, gaty-da sandyraýardym.
4
Sözüm hem wagzym ynsan akyldarlygynyň ynandyryjy sözlerine däl-de,
5
siziň imanyňyz ynsan akyldarlygynda durman, Hudaýyň güýjünde durar ýaly, Ruhuň we Onuň güýjüniň görkezilmegine daýanýardy.
6
Biz akyldarlygy kämiller arasynda sözleýäris. Biziň sözleýän bu akyldarlygymyz bu döwrüňki, bu döwrüň geçiji hökümdarlarynyňky däl-de,
7
Hudaýyň zaman başlamazdan öň biziň şöhratymyz üçin bellän gizlin, syrly akyldarlygydyr.
8
Bu akyldarlyga bu döwrüň hökümdarlarynyň hiç biri düşünmedi, çünki düşünen bolsalar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler.
9
Emma ýazylyşy ýaly: «Hudaýyň Özüni söýenler üçin taýýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir».
10
Bize bolsa Hudaý muny Öz Ruhy arkaly aýan etdi, sebäbi, Ruh ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de barlaýandyr.
11
Çünki adamda näme barlygyny adamyň özünde bolan ruhundan başga kim biler? Şeýle hem Hudaýda näme barlygyny Hudaýyň Ruhundan başga hiç kim bilýän däldir.
12
Biz bu dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň özümize beren bereketlerini biler ýaly, Hudaýdan gelen Ruhy aldyk.
13
Biz bulary adam akyldarlygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, ruhy zatlary ruhy sözler bilen sözläp, Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys.
14
Tebigy adam Hudaýyň Ruhuna degişli zatlary unamaz, çünki bular onuň üçin akmaklykdyr, bulary bilip bilmez, sebäbi bulara ruh boýunça düşünilýändir.
15
Ruha uýan adam ähli zady saýgarar, ýöne ony hiç kim saýgarmaz.
16
Çünki, «Rebbe öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?» Ýöne bizde Mesihiň pikiri bardyr.
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 3 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16