bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
1 John 1
1 John 1
Turkmen Latin 2002
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 2 →
1
Ýaşaýyş sözi hakda ozal-başdan bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris.
2
Ýaşaýyş aýan boldy, biz ony gördük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris.
3
Siziň-de biziň bilen şärikçiligiňiz bolar ýaly, görenimizi, eşidenimizi size aýdýarys. Biziň şärikçiligimiz bolsa Ata we Onuň Ogly Isa Mesih bilendir.
4
Şatlygyňyz kämil bolar ýaly, şulary size ýazýarys.
5
Ondan eşiden we size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç hili garaňkylyk ýokdur.
6
Biz Onuň bilen şärikçiligimiziň barlygyny aýdyp-da, garaňkylykda gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris.
7
Onuň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen şärikçiligimiz bardyr, Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir.
8
Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur.
9
Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar.
10
Günä eden däldiris diýsek, Ony ýalançy edýändiris, bizde Onuň sözi ýokdur.
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 2 →
All chapters:
1
2
3
4
5