bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
2 Corinthians 10
2 Corinthians 10
Turkmen Latin 2002
← Chapter 9
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 11 →
1
Araňyzdakam kiçigöwünli, gaýybana bolsa size garşy batyr bolan Pawlus Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen sizden haýyş edýärin.
2
Gelenimde, bizi dünýä ýollary boýunça gezýändir öýdýänleriň käbirlerine garşy oýlanýan niýetimde batyrlyk ulanmaly bolmaýyn diýip ýalbarýaryn.
3
Çünki biz dünýäde gezýän hem bolsak, dünýä ýollary boýunça söweşýän däldiris.
4
Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir.
5
Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris.
6
Mesihe bütinleý boýun bolan mahalyňyz, her bir boýun bolmazlygy jezalandyrmaga taýýardyrys.
7
Göz öňündäkilere serediň. Kim özüniň Mesihiňkidigine ynamy bar bolsa, biziň hem özi ýaly Mesihiňkidigimiz hakda öz ýanyndan oýlansyn.
8
Men Rebbiň bize sizi weýran etmek üçin däl-de, abat etmek üçin beren ygtyýaryna has köpräk öwünýän hem bolsam utanmaýaryn.
9
Muny sizi öz hatlary bilen gorkuzjak bolýar diýmäň diýip edýärin.
10
«Ol hatlarynda ýowuz hem güýçli, ýöne şahsy huzury ejiz, sözi dereksiz» diýýärler.
11
Beýle adam muny bilsin: biz ýokkak hat arkaly sözde nähili bolsak, barkak amalda hem şeýlediris.
12
Çünki biz özlerini maslahat berýänleriň käbirleri bilen özümizi bir tutmaga ýa-da deňemäge het edip bilmeýäris. Olar özlerini özleri bilen ölçäp, özlerini özleri bilen deňäp, pähimsiz bolýarlar.
13
Emma biz hetdenaşa däl-de, siziň hetdiňize ýeter ýaly, Hudaýyň bize bellän iş meýdanynyň çägine görä magtanýarys.
14
Siziň hetdiňize ýetmedik ýaly, öz hetdimizden aşmaýarys, çünki biz Mesihiň Hoş Habary bilen size-de ýetdik.
15
Biz başganyň zähmeti bilen hetdenaşa magtanmaýarys.
16
Emma Hoş Habary sizden aňyrrak-da wagyz edip, başganyň meýdanynda taýýar işler bilen magtanmaz ýaly, siziň imanyňyz ösdügiçe, biziň-de iş meýdanymyz has köp giňär diýen umydymyz bar.
17
Ýöne magtanýan Reb bilen magtansyn.
18
Çünki özüni maslahat berýän arzyly däl-de, Rebbiň maslahat berýäni arzylydyr.
← Chapter 9
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 11 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13