bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
Acts 11
Acts 11
Turkmen Latin 2002
← Chapter 10
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 12 →
1
Ýahudada bolýan resullar, doganlar başga milletleriň -de Hudaýyň sözüni kabul edenini eşitdiler.
2
Petrus Iýerusalime gelende, sünnetliler onuň bilen dawalaşyp:
3
«Sen sünnetsiz adamlaryň ýanyna barypsyň, olar bilen nahar iýipsiň» diýdiler.
4
Petrus hem söze başlap, bolan wakany olara birin-birin aýdyp berdi:
5
«Ýafa şäherinde doga edip otyrkam, özümi ýitiren ýagdaýymda bir görnüş gördüm. Uly saçaga meňzeş bir zat dört burçundan Gökden Ýere sallanyp, meniň ýanyma çenli inip geldi.
6
Onuň içine bakyp synlanymda, Ýeriň dört aýakly haýwanlaryny, ýabany hem süýreniji haýwanlaryny, Gögüň guşlaryny gördüm.
7
Onsoň bir ses eşitdim, ol maňa: „Petrus, tur, damaklaryny çal-da, iý!\ diýdi.
8
Men: „Ýok, ýa Reb! Hapa, haram zat meniň agzyma asla giren däldir\ diýdim.
9
Emma ses Gökden ikinji gezek maňa: „Hudaýyň tämiz eden zatlaryna hapa diýme!\ diýdi.
10
Bu üç gezek gaýtalanyp, hemmesi ýene ýokaryk Göge çekildi.
11
Ine, şol pursatda üç adam meniň bolýan öýümiň öňüne gelip durdular. Olar meniň ýanyma Kaýsariýadan ýollanan eken.
12
Onsoň Ruh maňa hiç ikirjiňlenmän, olar bilen bile rowana bolmalydygymy aýtdy. Bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk.
13
Ol hem bize perişdäni görendigini, onuň öýünde durup: „Ýafa adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt.
14
Ol saňa birnäçe söz aýdar. Şol sözler arkaly sen tutuş içeriň bilen gutularsyň\ diýenini aýtdy.
15
Men söze başlanymda, ozal biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem Mukaddes Ruh indi.
16
Şonda Rebbiň: „Ýahýa suw bilen çokundyrypdy, ýöne siz Mukaddes Ruh bilen çokundyrylarsyňyz\ diýip aýdan sözi ýadyma düşdi.
17
Şeýlelikde, Reb Isa Mesihe iman edenlerinden soň, Hudaý bize berşi ýaly, olara-da şol sylagy beren bolsa, Hudaýa garşy durup biler ýaly, men kim bolupdyryn?»
18
Olar muny eşidenlerinde köşeşdiler, Hudaýy şöhratlandyryp: «Onda, Hudaý ýaşaýyş getirýän tobany özge milletlere-de beripdir» diýişdiler.
19
Stefanus bilen baglanyşykly bolan yzarlamalar netijesinde dargadylanlar Finikiýa, Kipr we Antakiýa çenli aýlandylar. Olar sözi ýehudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.
20
Olaryň arasynda birnäçe kiprli we kireneli adamlar bardy. Olar Antakiýa gelenlerinde, Reb Isanyň Hoş Habaryny wagyz edip, greklere-de aýtdylar.
21
Rebbiň eli olar bilendi. Şeýlelikde, köp adamlar iman getirip, Rebbe tarap öwrüldiler.
22
Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnanyşyga gelip ýetdi. Olar Barnabasy Antakiýa ýolladylar.
23
Ol gelende, Hudaýyň merhemetini görüp şat boldy, gaýduwsyz ýürek bilen Rebbe ýapyşar ýaly, hemmelere öwüt-nesihat etdi.
24
Çünki ol oňat adamdy, Mukaddes Ruhdan, imandan doludy. Şeýlelikde, köp adamlar Rebbe goşuldylar.
25
Onsoň Barnabas Sauly idäp, Tarsusa gitdi.
26
Ony tapyp, Antakiýa getirdi. Olar bütin bir ýyllap ýygnakda toplanyp, köp adamlara sapak berdiler. Şägirtleriň mesihi adyny almagy ilki bilen Antakiýada ýüze çykdy.
27
Şol günlerde Antakiýa Iýerusalimden birnäçe pygamber geldi.
28
Bulardan Agabus atly biri galyp, bütin dünýäniň başyna uly açlyk gelmelidigini Ruh arkaly habar berdi. (Bu kaýsar Klaudiusyň zamanynda boldy.)
29
Şonda Ýahudada ýaşaýan doganlara goldaw üçin, şägirtleriň her biri gurbunyň çatdygyndan olara pul ýollamagy karar etdiler.
30
Puly Barnabas we Sauluň eli bilen ýygnak ýolbaşçylaryna ibermek bilen, bu karary ýerine ýetirdiler.
← Chapter 10
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 12 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28