bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 John 1
1 John 1
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 2 →
1
Biz size owal-başdan bar bolan Ýaşaýyş Sözi hakda habar berýäris. Gulagymyz bilen eşidip, elimiz bilen tutup, gözümiz bilen görenlerimizi yglan edýäris.
2
Bu Ýaşaýyş aýan boldy, biz Ony gördük. Atamyz Hudaý bilen bolan bu baky Ýaşaýyş bize äşgär boldy. Indi biz Ol barada şaýatlyk edip, Ony size yglan edýäris.
3
Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr.
4
Şatlygymyz dolup-daşsyn diýip, bulary size ýazýarys.
5
Biziň Isa Mesihden eşidip, size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç tümlük ýokdur.
6
Biz Onuň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşaýandygymyzy aýdyp-da, tümlükde gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris.
7
Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.
8
Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur.
9
Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.
10
Günä etmedik diýsek, Hudaýy ýalançy edýändiris, kalbymyzda Onuň sözleri ýokdur.
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 2 →
All chapters:
1
2
3
4
5