bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Timothy 3
2 Timothy 3
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 4 →
1
Eý, oglum, ahyrky günlerde elhenç pursatlaryň boljakdygyny bilip goý.
2
Adamlar diňe özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine boýun egmeýän, gadyr bilmez, adamlary sylamaýan,
3
doňýürek, geçirimlilik etmeýän, myjabatçy, özüne erk edip bilmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän,
4
haýyn, göçgünli, gopbamsy bolup, keýpi-sapany Hudaýdan köp söýerler.
5
Olar hudaýhonsyrasalar-da, Hudaýyň güýjüni inkär edýändirler. Beýle adamlardan arany aç.
6
Olar adamlaryň öýlerine sümlüp girýärler. Günäleri başyndan agdyk, her tüýsli höweslere meýilli, ýeňles aýallary öz tarapyna çekýärler.
7
Bu aýallar hemişe öwrenmäge synanyşsalar-da, hakykat bilimine asla ýetip bilmeýärler.
8
Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.
9
Olar öz edýänlerinde ilerlemezler. Ýannis bilen Ýambrisiňki ýaly, olaryň-da akylsyzlygy hemmelere belli bolar.
10
Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň.
11
Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.
12
Umuman, Isa Mesihe eýerip, Hudaýyň ýörelgesine laýyklykda ýaşamak isleýänleriň bary yzarlanmalara sezewar bolar.
13
Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.
14
Emma sen öz öwrenen we ynanýan taglymatyňa sadyk gal. Çünki ony kimlerden öwrenendigiňi bilýänsiň.
15
Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.
16
Mukaddes Ýazgylaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Olar öwretmek, günä edýänleri paş etmek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr.
17
Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 4 →
All chapters:
1
2
3
4