bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Acts 25
Acts 25
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 24
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 26 →
1
Festus welaýata häkim bolup gelenden üç gün soň, Kaýsariýadan Iýerusalime gitdi.
2
Ol ýerde ýolbaşçy ruhanylar bilen ýahudy baştutanlary Festusa Pawlusyň üstünden şikaýat etdiler.
3
Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler.
4
Festus olara şeýle jogap berdi: «Pawlus Kaýsariýada tussaglykda, men hem basym ol ýere gitjek.
5
Araňyzdaky ýolbaşçylar meniň bilen bile barsynlar. Eger Pawlus bir ýaman iş eden bolsa, goý, ony aýyplasynlar».
6
Festus olaryň ýanynda sekiz-on gün bolup, Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün ol kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdy.
7
Pawlus içeri girende, Iýerusalimden gelen ýahudylar onuň daşyna üýşüp, ony aýyplap başladylar, emma öz aýyplamalaryny subut edip bilmediler.
8
Pawlus özüni gorap: «Men ýahudylaryň kanunyna-da, ybadathana -da, imperatora-da garşy günä etmedim» diýdi.
9
Festus ýahudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusdan: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda özüňe kazylyk edilmegini isleýärsiňmi?» diýip sorady.
10
Emma Pawlus: «Men imperatoryň kazylyk kürsüsiniň öňünde durun, maňa şu ýerde kazylyk edilmelidir. Men ýahudylara garşy hiç bir ýamanlyk eden däldirin, muny seniň özüň hem oňat bilýänsiň.
11
Men ýamanlyk eden bolsam ýa-da ölüme laýyk bir iş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn. Eger bu adamlaryň maňa garşy aýyplamalary ýalan bolsa, meni olaryň eline tabşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Men dawamy imperatora arz edýärin» diýdi.
12
Onsoň Festus mejlis bilen maslahatlaşyp: «Dawaň barada imperatora arz etdiň, imperatoryň ýanyna-da gidersiň» diýdi.
13
Birnäçe gün geçenden soň, Agrip patyşa öz uýasy Bernik bilen Festusy gutlamak üçin, Kaýsariýa geldi.
14
Olar köp wagt ol ýerde galanlaryndan soň, Festus Pawlusyň işini patyşa gürrüň berdi: «Feliksiň tussag edip goýan bir adamy bar.
15
Men Iýerusalimdekäm, ýahudylaryň ýolbaşçy ruhanylary, ýaşululary onuň üstünden şikaýat edip, ony jezalandyrmagymy haýyş etdiler.
16
Men olara: „Rimlileriň adaty boýunça hiç kim sorag edilmezden jezalandyrmak üçin şikaýatçynyň eline tabşyrylmaýar. Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirip, oňa ýöňkelýän aýyp babatda özüni goramaga mümkinçilik berilýär“ diýip jogap berdim.
17
Aýyplaýjylar bu ýere üýşenlerinde bolsa, men wagty elden bermän, ertesi gün kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdym.
18
Emma onuň garşysyna geplän şikaýatçylar oňa meniň garaşan aýyplarymyň hiç birini ýöňkemediler.
19
Muňa derek olaryň öz dinleri hem-de bir Isa atly ölüp giden, emma Pawlusyň diri diýýän adamy barada jedelleri bar eken.
20
Men bu meseläni nähili çözsemkäm diýip agyr ýagdaýa düşdüm. Pawlusdan Iýerusalime gidip, ol ýerde bu zatlar babatda özüne kazylyk edilmegine razydygyny ýa-da däldigini soradym.
21
Emma Pawlus dawasyny imperatoryň çözmegini, oňa çenli tussaglykda bolmagyny isledi. Şonuň üçin ony imperatoryň ýanyna ýollaýançam, tussaglykda saklamagy buýurdym».
22
Agrip Festusa: «Men hem şol adamyň gürrüňini diňlemek isleýärin» diýdi. Festus hem: «Ony ertir diňlärsiň» diýdi.
23
Ertesi gün Agrip we Bernik dabaraly ýagdaýda gelip, müňbaşylardyr şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde mejlisler otagyna girdiler. Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler.
24
Festus şeýle diýdi: «Eý, patyşa Agrip we bu ýerdäki ähli jenaplar! Siz bu adamy görýäňizmi? Iýerusalimdäki we bu ýerdäki ähli ýahudylar onuň üstünden maňa şikaýat edip: „Ol mundan artyk ýaşamaly däl!“ diýip gygyryşdylar.
25
Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim.
26
Ol hakda onuň alyjenabyna ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý, Agrip şa, seniň huzuryňa çykardym. Bu meselä seredenimizden soň, munuň netijesinde ýazmaga bir zatlar tapmagym ahmal.
27
Sebäbi tussaga garşy ýöňkelýän aýyplamalary görkezmezden, ony imperatoryň ýanyna ýollamaklyk maňa manysyz görünýär».
← Chapter 24
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 26 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28