bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Ecclesiastes 12
Ecclesiastes 12
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
1
Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.
2
Seniň üçin Gün, yşyk, Aý, ýyldyzlar garalmanka, ýagyşdan soň bulutlar yzyna gaýtmanka, Ony ýatla.
3
Şol gün öýi goraýanlar titreşerler, güýçli adamlar eglerler, el degirmeni bilen däne üweýänler işini togtadarlar, sebäbi olaryň sany azdyr, penjireden seredýänleriň gözleri garaňkyraýar.
4
Köçä açylan gapylar ýapylar, degirmeniň sesi kesiler; adamlar guş sesine oýanarlar, gyzlaryň nagmasy kesiler.
5
Beýiklikden gorkarlar, ýollar gorkuly bolar; badam agajy güllär, çekirtge özüni zor bilen çeker, höwes ýiter, çünki ynsan öz ebedi öýüne gider, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşarlar.
6
Kümüş zynjyr gyrylmanka, altyn käse döwülmänkä, bulak başyndaky küýze owranmanka, guýynyň başyndaky çarh döwülmänkä,
7
ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.
8
Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.
9
Wagyzçy dana bolmakdan başga-da halka bilim hem öwretdi. Ol gözleg geçirip, öwrenip, köp pähimleri ýerli-ýerinde goýdy.
10
Wagyzçy ýakymly sözleri tapmaga çalyşdy. Onuň ýazanlary dogry we hak sözlerdi.
11
Dananyň sözleri çişler kimindir; toplanan pähimli sözler berk kakylan çüýler ýalydyr. Pähimli sözler bir çopan tarapyndan berlendir.
12
Bulardan başga-da, eý, oglum, sak bol. Köp kitap ýazmagyň soňy ýokdur, köp okamak beden üçin argynlykdyr.
13
Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;
14
her bir işi, gizlin bolan her işi — isle ýagşy bolsun, isle ýaman — Hudaý kazylyk eder.
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12