bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Esther 7
Esther 7
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 8 →
1
Şeýdip, patyşa bilen Haman şa aýaly Esteriň guran meýlisine gitdiler.
2
Meýlisiň ikinji güni şerap içip otyrkalar, patyşa ýene-de Estere ýüzlenip: «Şa aýaly Ester, seniň näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol ýerine ýetiriler» diýdi.
3
Şa aýaly Ester şeýle jogap berdi: «Eý, patyşahym, eger men seniň göwnüňden turan bolsam, eger patyşa oňlasa, meniň dilegim boýunça janym, islegim boýunça-da halkym berilsin.
4
Çünki men we meniň halkym gyrlyp, bütinleý ýok edilmek üçin satyldyk. Eger biz diňe bir gul-gyrnak edilmek üçin satylan bolsadyk, onda men sesimi çykarmazdym, çünki gam-gussamyz bilen patyşany biynjalyk edip bolmaz ».
5
Kserks patyşa şa aýaly Esterden: «Beýle iş etmäge ýürek eden adam kim? Ol nirede?» diýip sorady.
6
Ester: «Biziň ganym duşmanymyz, ine, şu zalym Hamandyr!» diýdi. Haman patyşa bilen şa aýaly Esteriň öňünde gaty gorkdy.
7
Patyşa gazaba münüp, meýlisden çykyp, köşk bagyna tarap çykyp gaýtdy. Haman şa aýaly Esterden öz janyny dilejek bolup şol ýerde galdy, çünki ol patyşanyň özüni öldürmek kararyna gelendigini görüp durdy.
8
Patyşa köşk bagyndan meýlishana dolanyp gelende, Haman Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna özüni oklapdy. Patyşa: «Ol hut meniň öýümde, meniň gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýarmy?» diýdi. Bu söz patyşanyň agzyndan çykan badyna, patyşanyň agtalary Hamanyň ýüzüni bürediler.
9
Ol patyşanyň hyzmatyndaky agtalaryň biri bolan Harbona şeýle diýdi: «Patyşanyň janyny halas eden Mordekaýy asmak üçin Hamanyň taýýarlan beýikligi elli tirsek bolan dar agajy onuň öýünde dur». Patyşa: «Şol dar agajyndan onuň özüni asyň» diýdi.
10
Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 8 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10