bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Habakkuk 3
Habakkuk 3
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
1
Pygamber Habakugyň Şigýonot boýunça dilegi.
2
Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma.
3
Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.
4
Onuň ýagtysy Gün kimindir, elleri nur saçýandyr, gudratynyň syry elindedir.
5
Onuň öňünden gyrgyn keseli, yzyndan ölüm gitdi.
6
Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi. Gojaman daglar kül boldy, gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir.
7
Kuşan çadyrlaryny muşakgat astynda gördüm, Midýan ýurdunyň çadyrlary gorkudan titredi.
8
Ýa Reb, gazabyň derýalara garşymydy? Gaharyň çeşmelere garşymydy? Atlaryňa, ýeňilmez söweş arabalaryňa müner ýaly, gazabyň deňizlere garşymydy?
9
Ýalaňaç ýaýyňy galgatdyň, sagdagyňy okdan doldurdyň. Sela Ýer ýüzüni akar suwlar bilen ýardyň.
10
Seni görüp, daglar titreşdi, siller joşdy, çuňluklar seslenip, tolkunlar möwç urdy.
11
Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan, parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan, Gün bilen Aý ýerlerinde durdy.
12
Ýer ýüzüne gazap bilen gadam basdyň, milletleri gahar bilen depelediň.
13
Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, seçip-saýlanyňy halas etmek üçin geldiň, pis nesilbaşyny ezdiň, ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela
14
Esgerleri tüweleý dek bizi dargatmaga gelende, olaryň başyny baştutanyň naýzalary bilen deşdiň. Gizlenen pukaralary ýuwutmak olara hoş ýakýar.
15
Atlaryň bilen deňizden geçip, joşgunly suwlary köpükletdiň.
16
Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.
17
Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da,
18
Men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar.
19
Beýik Hudaý güýjüm-kuwwatymdyr, aýaklarymy keýigiň aýaklary dek edip, Meni belentliklerde gezdirýär. Horuň baştutanyna: kirişli saz gurallary bilen.
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
All chapters:
1
2
3