bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Hebrews 5
Hebrews 5
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 6 →
1
Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär.
2
Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar.
3
Şu sebäpden ol halkyň-da, özüniň-de günäleri üçin gurbanlyk bermäge borçludyr.
4
Hiç kim baş ruhany bolmak hormatyny özi gazanyp bilmez, ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylýar.
5
Şonuň üçin Mesih hem Baş Ruhany bolmak üçin Özüni Özi şöhratlandyrmady. Tersine, Ony: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» diýip aýdan Hudaý şöhratlandyrdy.
6
Başga bir ýerde bolsa: «Sen Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň» diýip aýdýar.
7
Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.
8
Ol Ogul hem bolsa, görgi görüp, tabyn bolmaklygy öwrendi.
9
Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.
10
Şeýle hem, Hudaý Ony Mäliksadyk derejesindäki Baş Ruhany diýip yglan etdi.
11
Bu barada aýtjak gürrüňimiz köp, emma eşitmäge islegiňiziň ýokdugy sebäpli, muny size düşündirmek kyn.
12
Hakykatdan-da, siz şu wagta çenli özüňiz başgalara öwretmelidiňiz ahyry! Gaýtam, siz başgalara däl-de, başgalar size Hudaýyň taglymatynyň ilkinji esaslaryny öwretmeklerine mätäç. Size gaty iýmit däl-de, henizem süýt gerek!
13
Süýt bilen iýmitlenýän agzyndan süýt ysy gitmedikdir. Ol ýagşy-ýamany heniz saýgarýan däldir.
14
Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 6 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13