bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Hosea 14
Hosea 14
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
1
Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.
2
Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.
3
Şu dileg bilen Rebbe dolanyň. «Bar etmişlerimizi geç. Ýagşy dileglerimizi kabul et. Öküz gurbanlygyna derek alkyş gurbanlygyny hödür ederis.
4
Aşur bizi halas edip bilmez. Söweşe atlanmarys. Indi el bilen ýasan işimize „hudaýymyz“ diýmeris. Çünki ýetim Senden merhemet tapýar».
5
«Olaryň biwepalygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin. Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy.
6
Men Ysraýyla ýeriň çygy ýaly bolaryn. Ol liliýa güli ýaly açylar. Liwan kedri kimin kök urar.
7
Ol pudak ýaýradar. Owadanlygy zeýtun agajy ýaly bolar. Liwanyň kedr agajy deýin ýakymly ys saçar.
8
Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar. Bugdaý kimin bol bolarlar. Üzüm ýaly güllärler. Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.
9
Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».
10
Kim paýhasly bolsa, bu sözlere düşünsin. Kim düşünjeli bolsa, olary bilsin. Çünki Rebbiň ýollary düzdür. Dogruçyllar ol ýoldan gidýärler. Erbetler ol ýollarda büdreýär.
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14