bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Isaiah 43
Isaiah 43
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 42
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 53
Chapter 54
Chapter 55
Chapter 56
Chapter 57
Chapter 58
Chapter 59
Chapter 60
Chapter 61
Chapter 62
Chapter 63
Chapter 64
Chapter 65
Chapter 66
Chapter 44 →
1
Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
2
Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.
3
Men seniň Hudaýyň Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. Men saňa töleg hökmünde Müsüri, seniň ýeriňe Efiopiýany, Sebany berdim.
4
Nazarymda eziz, gadyrly bolup, seni söýýändigim üçin, seniň öweziňe adamlar, halklar bererin janyňyň deregine.
5
Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.
6
Demirgazyga: „Olary ber“, günorta: „Olary saklama“ diýerin; ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň çetlerinden,
7
Maňa degişli bolan her kesi, Öz şöhratym üçin ýaradanymy, şekil berip döredenimi getir.
8
Gözli körleri, gulakly kerleri öňe çykar.
9
Ähli milletler bir ýere ýygnansyn, halklar toplansyn, olaryň arasynda kim muny yglan etdi? Haýsysy bolup geçenleri öňden bildirdi? Güwälerini getirip, özlerini aklasynlar, başgalar eşidip: „Bu dogry“ diýsinler.
10
Siz Meniň şaýadymsyňyz, muny Men — Reb aýdýandyryn. Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şolduguma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.
11
Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur.
12
Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim, araňyzda başga hudaý ýok; siz Meniň şaýatlarym. Muny Men — Reb aýdýandyryn.
13
Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»
14
Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollap, ähli babyllary gaçgaklar hökmünde buýsanýan gämilerinde getirerin.
15
Siziň Mukaddesiňiz, Ysraýyly Ýaradan, Patyşaňyz Reb Mendirin».
16
[16-17] Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, söweş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler. Bulary edýän Reb şeýle diýýär:
18
«Ýatlamaň öten zatlary, köne zatlara üns bermäň.
19
Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.
20
Ýabany haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar Meni hormatlarlar. Men Öz saýlan halkymy gandyrmak üçin çölde suwlar, sährada derýalar bilen üpjün etdim.
21
Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky.
22
Emma sen, eý, Ýakup, çagyrmadyň Meni, eý, Ysraýyl, Menden irdiň sen!
23
Goýunlaryňyzy getirmediňiz Maňa ýakma gurbanlyk üçin, gurbanlyklaryňyz bilen Meni sylamadyňyz. Sadakalary size agyr ýük etmedim, ýakymly ysly tütetgi bilen irizmedim.
24
Hoşboý ysly gamyş satyn almadyňyz Maňa, gurbanlyklaryňyzyň ýagyndan doýurmadyňyz, günäleriňiz bilen Maňa ýük bolduňyz gaýtam, etmişleriňiz bilen Meni irizdiňiz.
25
Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.
26
Maňa ýatlat! Gel, bilelikde dawalaşalyň, aklanar ýaly delilleriňi aýt.
27
Ilkinji ataňyz günä etdi, töwellaçylaryňyz garşyma çykdylar.
28
Munuň üçin biabraý etdim ybadathananyň ruhanylaryny, Ýakuby doly weýrançylyga, Ysraýyly ryswalyga höküm etdim».
← Chapter 42
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 53
Chapter 54
Chapter 55
Chapter 56
Chapter 57
Chapter 58
Chapter 59
Chapter 60
Chapter 61
Chapter 62
Chapter 63
Chapter 64
Chapter 65
Chapter 66
Chapter 44 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50
51
52
53
54
55
56
57
58
59
60
61
62
63
64
65
66