bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
John 2
John 2
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 3 →
1
Şondan iki gün geçensoň, Jeliläniň Kana şäherinde toý boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi.
2
Isa bilen şägirtleri hem toýa çagyrylypdy.
3
Şerap gutaryberende, ejesi Isa ýüzlenip: «Olaryň şeraby gutarypdyr» diýdi.
4
Isa oňa: «Eý, hatyn, munuň Maňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelenok» diýip jogap berdi.
5
Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi.
6
Şol ýerde ýahudylaryň ýuwnup-päkizlenme dessury üçin uly göwrümli alty sany hum bardy.
7
Isa hyzmatkärlere: «Humlary suwdan dolduryň» diýdi. Olar humlary erňegine çenli doldurdylar.
8
Onsoň hyzmatkärlere: «Indi şulardan guýup, toýuň beýemçisine äkidiň» diýdi. Olar äkitdiler.
9
Toýuň beýemçisi şeraba öwrülen suwuň nireden gelenini bilmeýärdi, muny diňe suwy guýan hyzmatkärler bilýärdi. Ol bu şerapdan dadyp gördi we öýlenýän ýigidi çagyryp, oňa:
10
«Hemmeler saçaga ilki bilen oňat şeraby goýýarlar. Myhmanlar içip doýanlaryndan soň, arzan şeraby berýärler. Sen bolsa oňat şeraby şu wagta çenli saklap goýupsyň!» diýdi.
11
Bu Isanyň ilkinji görkezen gudratly alamatydy. Ol muny Jeliläniň Kana şäherinde görkezip, Öz şöhratyny aýan etdi. Muny gören şägirtleri Oňa iman etdiler.
12
Bu wakadan soň Isa ejesi, inileri, şägirtleri bilen bile Kapernauma gidip, ol ýerde birnäçe gün galdy.
13
Ýahudylaryň Pesah baýramynyň golaýlaşýandygy üçin Isa Iýerusalime gitdi.
14
Ol ybadathananyň howlusynda sygyr, goýun, kepderi satýanlary, şeýle hem pul çalşyp oturanlary gördi.
15
Isa ýüpden dürre ýasap, mal-garalary bilen birlikde hemmäni gamçylap, ybadathanadan kowup çykardy, pul çalyşýanlaryň tekjelerini agdaryp, pullaryny ýere seçip goýberdi.
16
Ol kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden ýok ediň! Atamyň öýüni bazara öwürmäň!» diýdi.
17
Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar.
18
Onsoň ýahudylaryň baştutanlary Ondan: «Seniň beýtmäge näme hakyň bar? Eger hakyň bar bolsa, gudrat görkezip, muny bize subut et» diýip talap etdiler.
19
Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi.
20
Ýolbaşçylar: «Bu ybadathana kyrk alty ýylda guruldy, Sen bolsa ony indi üç günde dikeltjekmi?» diýdiler.
21
Emma Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy.
22
Isa ölümden direlenden soň, şägirtleri Onuň bu aýdanyny ýatlap, Mukaddes Ýazgylara we Isanyň sözlerine ynandylar.
23
Isa Iýerusalimde Pesah baýramynda bolanda, köp adamlar Onuň görkezen gudratlaryny görüp, Oňa iman etdiler.
24
Emma Isa ähli adamlaryň ýüregini bilensoň, Özüni olara ynanmaýardy.
25
Ynsan babatda Oňa hiç kimiň şaýatlygy gerek däldi, sebäbi Ol ynsanyň näme niýetiniň bardygyny bilýärdi.
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 3 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
Recommended Reading
Commentary
John Commentaries
→
Devotional
John Devotional Guide
→
Get This Bible
Turkmen Latin (Mukaddes Kitap) Study Bible
→