bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Jonah 3
Jonah 3
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 4 →
1
[1-2] Ýunusa Rebbiň sözi ikinji gezek geldi: «Hany bol, Ninewä — şol beýik şähere git-de, Meniň özüňe aýdýanlarymy onuň halkyna ýetir!»
3
Şunlukda, Ýunus Rebbiň sözüne boýun boldy we Ninewä tarap ýola düşdi. Ninewe juda uly şäherdi. Onuň ol başyndan bu başyna çenli üç günlük ýoldy.
4
Ýunus şähere girdi we bir günlük ýol geçip: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykyljak» diýip jar çekdi.
5
Nineweliler Hudaýa ynandylar. Olar uludan-kiçä hemmelere agyz beklemegi yglan etdiler.
6
Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy.
7
Soňra ol özüniň hem-de töreleriniň adyndan Ninewäniň halkyna şeýle buýruk berdi: «Ähli adamlar-da, haýwanlardyr mal-garalar-da hiç zat iýmesinler, suw-da içmesinler.
8
Ynsanu haýwan jul geýinsin, bar güýji bilen Hudaýa perýat etsin, öz ýaman ýolundan dönüp, bet işlerinden el çeksin.
9
Belki, Hudaý pikirini üýtgeder, gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys».
10
Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi.
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 4 →
All chapters:
1
2
3
4