bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Leviticus 24
Leviticus 24
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 23
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 25 →
1
Reb Musa şeýle diýdi:
2
« Ysraýyl halkyna buýur: her gün yşyk bolar ýaly, saňa çyra üçin ýenjilen zeýtunyň sap arassa ýagyny getirsinler.
3
Harun çyrany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda, Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.
4
Ol çyralary sap altyndan bolan çyradanyň üstünde Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun».
5
Reb Musa şeýle diýdi: «Saýlama bugdaý unundan on iki sany çörek bişirt, olaryň her biriniň agramy ondan iki batmana barabar bolsun.
6
Olary Rebbiň huzurynda sap altyndan bolan hantagtanyň üstünde alty-altydan iki hatar edip goý.
7
Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar.
8
Harun bulary adat boýunça her Sabat güni Rebbiň huzurynda goýsun. Bu ysraýyl halkynyň ebedilik borjudyr.
9
Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr».
10
Ysraýyllaryň arasynda ejesi ysraýylly, kakasy bolsa müsürli bolan bir adam bardy. Düşelgede bir ysraýylly aýalyň ogly bilen başga bir ysraýylly uruşmaga başladylar.
11
Ysraýylly aýalyň ogly küpür gepläp, Rebbiň adyna dil ýetirdi. Onsoň ony Musanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň ejesiniň ady Şelomytdy, ol dan tiresinden bolan Dibriniň gyzydy.
12
Reb özlerine näme etmelidigini aýan edýänçä, olar ýaňky adamy gabap goýdular.
13
Reb Musa şeýle diýdi:
14
«Hudaýa dil ýetireni düşelgäniň daşyna çykar, ony eşidenleriň bary ellerini onuň kellesine goýsunlar we bütin halk ony daşlasyn.
15
Onsoň ysraýyl halkyna aýt: „Kim öz Hudaýyna dil ýetirse, onuň günäsi öz boýnunadyr.
16
Kimde-kim Rebbiň adyna dil ýetirse, ol ölüme höküm edilsin, ony bütin halk daşlasyn. Gelmişekmi ýa-da ýerli halk — parhy ýok, Rebbiň adyna dil ýetiren öldürilmelidir.
17
Adam öldüreniň özi-de ölüme höküm edilsin.
18
Mal öldüren onuň öwezini mal bilen tölesin.
19
Kim-de kim biriniň bedenine şikes ýetirse, onuň özüne-de edil şonuň ýaly şikes ýetirilsin.
20
Döwük ornuna döwük, göz ornuna göz, diş ornuna diş, kime nähili şikes ýetiren bolsa, onuň özüne-de şonuň ýaly şikes ýetirilsin.
21
Mal öldüren onuň öwezini mal bilen tölesin, adam öldüren ölüme höküm edilsin.
22
Gelmişek üçin hem, ýerli adam üçin hem kanun birdir, çünki siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin“».
23
Musa bu tabşyryklary ysraýyl halkyna bereninden soň, olar Rebbe dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryp daşladylar. Şeýle etmek bilen ysraýyl halky Rebbiň Musa beren tabşyrygyny ýerine ýetirdi.
← Chapter 23
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 25 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27