bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Mark 3
Mark 3
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 4 →
1
Başga bir gün Isa ýene sinagoga gitdi. Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy.
2
Käbir adamlar Isany aýyplajak bolup, Sabat güni bu adama şypa berermikä diýip, Ony aňtaýardylar.
3
Isa eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi.
4
Onsoň olardan: « Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da öldürmek?» diýip sorady. Olardan ses çykmady.
5
Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.
6
Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada Hirodyň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.
7
Isa şägirtleri bilen kölüň ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly mähelle hem Onuň yzyna düşüp gitdi.
8
Onuň bitiren işlerini eşidip, Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Sidon töwereklerinden uly mähelle ýanyna geldi.
9
Isa mähelläniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy.
10
Isa ençeme adama şypa berdi, şonuň üçin hemme hassalar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler.
11
Arwah-jyn eýelänler Isany görenlerinde, Onuň aýagyna ýykylyp: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyrýardylar.
12
Emma Ol Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy.
13
Onsoň Isa daga çykyp, Öz saýlan adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar Onuň ýanyna bardylar.
14
[14-16] Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun — Isa oňa Petrus diýip at berdi,
17
Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna — Isa olara Bowanerges diýen lakamy berdi, (bu « Gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar),
18
onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun
19
we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.
20
Soňra Isa bir öýe bardy. Ol ýerde hem hemişekiler ýaly, ýene-de uly mähelle ýygnanansoň, Isanyň şägirtleri bilen nahar iýmäge-de wagtlary bolmady.
21
Isanyň hossarlary bu barada eşidende: «Isa akylyndan azaşypdyr» diýip, Ony äkitmäge geldiler.
22
Iýerusalimden gelen Töwrat mugallymlary bolsa: «Ony jynlaryň hökümdary Beýelzebul eýeläpdir! Ol arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler.
23
Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, tymsallar arkaly söze başlady: « Şeýtan öz-özüni nädip kowup çykarsyn?
24
Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.
25
Bir hojalygyň içinde bölünişik bolsa, ol maşgala berk durup bilmez.
26
Şeýtan öz-özüne garşy çykyp bölünse, berk durup bilmez, onuň soňunyň geldigidir.
27
Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony tutup daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.
28
Size dogrusyny aýdýaryn: ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar.
29
Emma Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyşlanma ýokdur. Bu ebedilik günä bolup, onuň boýnundan asylar».
30
Isa muny: «Ol — arwah-jynly» diýenleri üçin aýtdy.
31
Onsoň Onuň ejesi bilen inileri geldi. Olar daşarda durup, Isany çagyrmak üçin, Onuň ýanyna adam iberdiler.
32
Mähelle Isanyň daşyny alyp otyrdy. Oňa: «Ejeň, inileriň we uýalaryň daşarda Seni soraýarlar» diýdiler.
33
Isa olara jogap berip: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi.
34
Onsoň daşyny alyp oturanlara seredip: «Ine, Meniň ejem, doganlarym şulardyr!
35
Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 4 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16