bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Micah 5
Micah 5
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 6 →
1
Eý, Iýerusalim halky, goşunyňy topla! Daşymyz gabalýar. Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna taýak bilen urýarlar.
2
Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.
3
Tä göwreli aýal dogurýança, duşmanlaryna tabşyrylar ysraýyl halky. Soňra onuň ýesir düşen doganlary Ysraýyl halkyna dolanarlar.
4
Ol gelip, Rebbiň güýji bilen, Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen bakar sürüni. Olar asuda ýaşarlar; bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň.
5
Ol halkyna parahatçylyk getirer. Aşurlylar ýurdumyza gelip, köşgümizi basgylasalar, biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris.
6
Olar Aşur ýurduny gylyç bilen, Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar. Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan aşurlylardan halas ederler bizi.
7
Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.
8
Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.
9
Eý, ysraýyllar, siz garşydaşlaryňyzy ýeňersiňiz. Ähli duşmanlaryňyz gyrlyp ýok bolar.
10
Reb diýýär: «Şol gün atlaryňyzy gyraryn, söweş arabalaryňyzyň ýoguna ýanaryn.
11
Ýurduňyzyň şäherlerini weýran ederin, ähli galalaryňyzy haraba öwrerin.
12
Jadygöýleriňizi gyraryn, araňyzda palçy galdyrmaryn.
13
Butlaryňyzy, dikme daşlaryňyzy ýok ederin, indi siz öz eliňiziň işine sežde etmersiňiz.
14
Aşera butlaryny sogrup taşlaryn, galalaryňyzy weýran ederin.
15
Boýun bolmaýan milletlerden gahar-gazap bilen öç alaryn».
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 6 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7