bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Nehemiah 6
Nehemiah 6
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 5
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 7 →
1
[1-2] Sanballat, Tobyýa, Geşem arap we beýleki duşmanlarymyz meniň diwary gurup gutardandygymy, onda ýekeje gädigiň hem galmandygyny (derwezeler entek ýerine oturdylmadyk hem bolsa) eşidenlerinde, Sanballat bilen Geşem meniň ýanyma adam iberip: «Gel, Ono düzlügindäki bir obada duşuşaly» diýdiler. Olar maňa kast etmegi ýüreklerine düwüpdiler.
3
Men hem olara çapar ýollap: «Men bu wagt gaty wajyp iş bilen meşgul, şonuň üçin baryp biljek däl. Onsoňam men siziň ýanyňyza baryp gelýänçäm, näme iş dursunmy?» diýdim.
4
Şeýle habar bilen olar meniň ýanyma dört gezek çapar ýolladylar. Men hem olary her gezek şol bir jogap bilen gaýtardym.
5
Bäşinji gezek Sanballat öz hyzmatkäriniň eline açyk hat berip, ony meniň ýanyma iberdi.
6
Ol hatda şeýle ýazylandy: « Milletler arasynda şeýle gürrüň bar, muny Geşem hem tassyklaýar. Sen we ýahudylar pitne turuzjak bolýarmyşyňyz. Diwary-da şonuň üçin gurup ýörmüşiňiz. Aýdyşlaryna görä, sen olara patyşa bolmalymyşyň.
7
„Ýahudanyň patyşasy bar“ diýip, özüň hakda Iýerusalimde wagyz etdirmek üçin pygamberler hem belläpsiň. Aýdyşlaryna görä, bu zatlaryň hemmesini patyşa habar berjekmişler. Şonuň üçinem, gel, bile maslahat edeli».
8
Onsoň men onuň ýanyna adam iberip: «Seniň bu diýýän zatlaryň hiç biri-de edilenok. Bularyň ählisi seniň öz toslamaň» diýdim.
9
Çünki olaryň hemmesi bizi gorkuzmak isleýärdiler we: «Elleri işden sowap, iş togtar» diýip pikir edýärdiler. Şonuň üçinem men işi dowam etmek üçin Hudaýdan güýç-kuwwat diledim.
10
Onsoň men öýünden çykman oturan Mehetabeliň agtygy Delaýanyň ogly Şemagýanyň öýüne geldim. Ol maňa: «Gel, ikimiz Hudaýyň öýünde, içki otagda duşuşaly. Içki otagyň gapylarynam ýapaly, çünki olar seni öldürmäge gelerler. Olar hökman şu gije seni öldürmäge gelerler» diýdi.
11
Emma men: «Meniň ýaly adam gaçarmy? Heý-de meniň ýaly adam diri galmak üçin içki otagda gizlenermi? Ýok, men içki otaga girjek däl!» diýdim.
12
Şemagýany Hudaýyň ibermändigine göz ýetirdim. Ol hamala bir pygamber hökmünde maňa şu zatlary diýdi, sebäbi Tobyýa bilen Sanballat ony hakyna tutupdylar.
13
Ol meni gorkuzyp, meniň şeýle hereket edip, günä gazanmagyma itergi bermek maksady bilen hakyna tutulypdy. Men şeýle edäýen bolsam, olar meni biabraý edip kemsidip biljekdiler.
14
Eý, Hudaýym, Tobyýa bilen Sanballatyň bu eden işlerini unutma, şeýle hem, pygamber aýal Nogadýa bilen meni gorkuzmak islän beýleki pygamberleriň edenlerini hem unutma!
15
Elli iki günden soň, Elul aýynyň ýigrimi bäşi güni diwar gurluşygy tamamlandy.
16
Biziň duşmanlarymyzyň we töweregimizdäki milletleriň ählisi muny eşidenlerinde, gaty gorkup, muny özlerine kemlik bildiler. Sebäbi olar bu işiň Hudaýymyzyň kömegi bilen edilendigine göz ýetirdiler.
17
Mundan başga-da, şol günler Ýahudanyň begleri Tobyýa köp hat ýolladylar. Tobyýanyň hatlary hem olara geldi.
18
Ýahudada köp adam Tobyýa bilen kasam edişipdi, çünki Tobyýa Aranyň ogly Şekanýanyň giýewsidi. Onuň ogly Ýehohanan hem Berekýanyň ogly Meşullamyň gyzyna öýlenipdi.
19
Şeýle hem olar meniň ýanymda onuň ýagşy işleri hakda gürrüň etdiler. Meniň diýýän sözlerimi hem oňa ýetirdiler. Tobyýa-da meni gorkuzjak bolup, maňa hatlar ýollady.
← Chapter 5
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 7 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13