bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Revelation 8
Revelation 8
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 7
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 9 →
1
Guzy ýedinji möhüri döwende, gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy.
2
Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.
3
Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi.
4
Hudaýyň halkynyň doga-dilegleri bilen birlikde ýakymly ysly tütetginiň tüssesi perişdäniň elinden Hudaýyň huzuryna tarap ýokary göterildi.
5
Perişde gaby alyp, ony gurbanlyk sypasyndaky otdan doldurdy-da, ony gökden ýere zyňdy. Şonda gök gürläp, güňleç gürrüldi eşidildi, ýyldyrym çakyp, ýer titredi.
6
Onsoň ýedi perişdäniň hersi elindäki surnaýy çalmaga taýýarlandylar.
7
Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi.
8
Ikinji perişde surnaýyny çaldy. Şonda alawlap ýanýan äpet dag ýaly bir zat deňze zyňyldy. Deňziň suwunyň üçden biri gana öwrülip,
9
onda ýaşaýan janly-jandarlaryň üçden biri gyryldy, gämileriň üçden biri heläk boldy.
10
Üçünji perişde surnaýyny çaldy. Gökden alawlap ýanýan ot ýaly äpet bir ýyldyz derýalaryň üçden biriniň üstüne, suw gözbaşlaryna gaçdy.
11
Ol ýyldyzyň ady Ýowşandyr. Suwlaryň üçden biri ajady. Ajy suwdan içen adamlaryň ençemesi öldi.
12
Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy.
13
Soňra men gökde uçup ýören bürgüdi gördüm. Onuň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýaňa ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý-waý-waý!»
← Chapter 7
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 9 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22