bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
Hebrews 6
Hebrews 6
Turkmen Latin 2002
← Chapter 5
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 7 →
1
Şonuň üçin Mesih baradaky başlangyç tälimi yzda galdyryp, ölüm getirýän işlerden toba etmäniň, Hudaýa imanyň,
2
çokundyrmalar, el goýmalar, ölüleriň direlişi we ebedi höküm baradaky taglymatyň düýbüni ýaňadandan tutman, kämillige tarap ilerläliň.
3
Hawa, Hudaý rugsat berse, muny edeliň.
4
Çünki bir gezek ýagtyldyp, asman sylagyny dadyp, Mukaddes Ruha şärik edilip,
5
Hudaýyň oňat sözüni, geljekki döwrüň güýçli işlerini dadanyndan soň,
6
ýoldan çykanlary toba üçin ýaňadandan täzelemek mümkin däl. Sebäbi olar Hudaýyň Ogluny özleri üçin gaýtadan haça çüýläp, biabraý edýärler.
7
Üstüne ýygy-ýygydan düşen ýagyşdan içýän, özüni bejerene peýdaly ösümlikler bitirýän ýere Hudaý bereket inderýär.
8
Emma tikendir gyzgany bitirýän ýer dereksizdir, gargyşa golaýdyr, soňy ýanmakdyr.
9
Eý söýgüli doganlar, biz beýle geplesek-de, siziň gutulyş babatda has oňat zatlara eýedigiňize ynanýarys.
10
Hudaý siziň işiňizi, mukaddeslere hyzmat edip hem-de hyzmat etmegi dowam etdirmek bilen, Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir.
11
Biz, siz ýalta bolman, gaýtam, wada edilenleri iman hem sabyr arkaly miras alanlardan görelde alar ýaly,
12
umydyňyzdan doly arkaýyn bolmak üçin, her biriňiziň şol gaýraty soňuna çenli görkezmegiňizi isleýäris.
13
Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden uly bolan biriniň adyndan ant içip bilmäni üçin, Öz adyndan ant içip:
14
«Hakykatdan-da, saňa berekedi boldan bererin, seniň zürýadyňy gaty köpelderin» diýdi.
15
Şeýlelikde, sabyrly garaşan Ybraýym wada ýetdi.
16
Adamlar özünden ulynyň adyndan ant içýär. Olar üçin ant aýdylany tassyklap, hemme jedelleri soňlaýar.
17
Şonuň üçin Hudaý-da Öz maksadynyň üýtgewsizligini wadanyň mirasçylaryna has anyk görkezjek bolup, wadany ant bilen tassyklady.
18
Ol muny öňümizde goýlan umyda ýapyşjak bolup gaçan biziň Hudaýyň ýalan sözlemegi mümkin bolmadyk iki üýtgewsiz zady arkaly uly teselli tapmagymyz üçin etdi.
19
Biziň jan labyry ýaly ynamly hem berk bolan bu umydymyz tutynyň aňrysyna geçýändir.
20
Isa Melkisedek düzgüni boýunça ebedi Baş Ruhany bolup, öňbaşçymyz hökmünde biziň üçin ol ýere girdi.
← Chapter 5
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 7 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13