bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
Hebrews 7
Hebrews 7
Turkmen Latin 2002
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 8 →
1
Bu Melkisedek Salem patyşasy hem-de beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ol patyşalary derbi-dagyn edip gelýän Ybraýymy garşylap, oňa ak pata berdi.
2
Ybraýym hem oňa bar zadyň ondan birini berdi. «Melkisedek» ozal adynyň manysy boýunça «dogrulyk patyşasydyr», soň hem «Salem patyşasy», ýagny parahatlyk patyşasydyr.
3
Onuň atasy, enesi, nesil şejeresi belli däl. Günleriniň ne başy, ne-de ömrüniň soňy bar. Ýöne Hudaýyň Ogluna meňzedilip, mydamlyk ruhany bolup galýar.
4
Biziň uly atamyz Ybraýymyň alan oljalaryndan ondan birini beren bu adamy, görüň, nähili uly!
5
Lewi ogullaryndan bolup, ruhanylyk wezipesini alanlaryň halkdan, ýagny Ybraýymyň tohumyndan hem bolsalar, öz doganlaryndan Mukaddes Kanun boýunça ondan birini almaly diýen buýruklary bardy.
6
Emma Melkisedek Lewi neslinden bolmasa-da, wadalary alan Ybraýymdan ondan birini alyp, oňa ak pata beripdir.
7
Kiçiniň ak patany özünden uludan alýandygy gürrüňsizdir.
8
Bu ýerde ölümli adamlar ondan birini alýar, ýöne ol ýerde ýaşaýanlygyna güwälik berilýän alýar.
9
Hatda ondan birini alan Lewi hem Ybraýym arkaly ondan bir beripdir diýseň boljak.
10
Çünki Melkisedek Ybraýymy garşylan mahaly Lewi entek atasynyň bilindedi.
11
Şeýlelikde, kämillige lewili ruhanylyk arkaly ýetilýän bolsady ― çünki halk bu ruhanylyk astynda Mukaddes Kanuna gowuşdy ― onda Harun düzgüni boýunça däl-de, Melkisedek düzgüni boýunça başga bir ruhanynyň gelmegi nämä gerekdi?
12
Çünki ruhanylyk üýtgände, Kanunyň hem üýtgemegi zerurdyr.
13
Beýle gürrüňi edilýän adam başga taýpadan. Bu taýpadan hiç kim gurbanlyk edilýän ýerde hyzmat etmändir.
14
Rebbimiziň Iuda taýpasyndandygy aýdyň. Musa bu taýpadan gürrüň edende, ruhanylar hakda hiç bir zat aýtmandy.
15
Melkisedege meňzeş başga bir ruhanynyň ýüze çykmagy bu aýdanymyzy öňküsinden hem aýdyňrak görkezýär.
16
Ol, Kanunyň ata -baba baradaky şertine görä däl-de, tükenmez ýaşaýşyň güýjüne görä ruhany bolupdyr.
17
Çünki «Melkisedek düzgüni boýunça, sen hemişelik ruhanysyň» diýip güwä geçilýär.
18
Ozalky buýruk gowşaklygy hem peýdasyzdygy zerarly ýatyryldy.
19
Çünki Kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Munuň ýerine bizi Hudaýa ýakynladýan öňküden oňat bir umyt berildi.
20
Bu antsyz bolmady. Beýlekiler bolsa antsyz ruhany bolupdylar.
21
Emma Ol özüne: «Reb ant içdi, Ol dänmez. Sen mydamlyk ruhanysyň» diýeniň anty arkaly ruhany boldy.
22
Isa bu ant bilen has oňat ähtiň kepili boldy.
23
Ozalky ruhanylar köpdüler. Çünki ölüm olaryň wezipede galmagyny bökdeýärdi.
24
Emma Isanyň, baky galýanlygy üçin, üýtgewsiz ruhanylygy bardyr.
25
Şu sebäpden Ol Özi arkaly Hudaýa ýakynlaýanlary bütinleý gutarmagy başarýar. Çünki olara töwella etmek üçin hemişe diri.
26
Bize şeýle, mukaddes, ýazyksyz, çirksiz, günäkärlerden arany açan we Gökden ýokary çykarylan Baş Ruhany gerekdi.
27
Ol beýleki ruhanylar ýaly, her gün öňürti öz günäleri, soňra-da halkyň günäleri üçin gurban hödürlemäge mejbur däl. Çünki Ol Özüni hödürlemek bilen, muny bir gezekde bitirdi.
28
Mukaddes Kanun ejiz adamlary baş ruhany edip belleýär, kanundan soň gelen ant sözi bolsa Hudaýyň hemişelik kämilleşdirilen Ogluny Baş Ruhany edip goýdy.
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 8 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13