bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
Matthew 16
Matthew 16
Turkmen Latin 2002
← Chapter 15
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 17 →
1
Fariseýler bilen saddukeýler gelip, Isany synamak üçin, Ondan özlerine Gökden bir alamat görkezmegini haýyş etdiler.
2
Ol şeýle jogap berdi: «Agşam bolanda siz: „Howa gowy boljak, çünki asmanyň ýüzi gyzyl\ diýýärsiňiz.
3
Ertir hem: „Bu gün gaý turjak, çünki asmanyň ýüzi gyzyl hem tutuk\ diýýärsiňiz. Siz asmanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi?
4
Erbet we zynahor nesil bir alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunusyňkydan başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.
5
Şägirtleri ol tarapa geçenlerinde, çörek almagy unudan ekenler.
6
Isa olara: «Sak boluň, fariseýleriň, saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýdi.
7
Olar bolsa özara çekişip: «Çörek almandyrys» diýişýärdiler.
8
Emma Isa muny bilip, şeýle diýdi: «Eý imany azlar! Çörek almandyrys diýşip, nämä özara çekişýärsiňiz?
9
Bäş müň adam üçin bäş çörege we näçe sebedi dolduryp ýygnanlygyňyza entek hem düşünmeýärmisiňiz, ol ýadyňyza düşmeýärmi?
10
Dört müň adam üçin ýedi çörek we näçe sebedi dolduryp ýygnanlygyňyz-da ýadyňyza düşmeýärmi?
11
Men size: „Fariseýleriň, saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň\ diýenimde, çörekden gürrüň etmeýänligime näme üçin düşünmeýärsiňiz?»
12
Şägirtler özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýleriň taglymatyndan ägä boluň diýýänine şonda düşündiler.
13
Isa Kaýsariýa-Filipi etrabyna gelende şägirtlerinden: «Maňa ― Ynsan Ogluna adamlar kim diýýärler?» diýip sorady.
14
Olar: «Käbirleri çokundyryjy Ýahýa, käbirleri Ylýas, başgalary-da Ýeremiýa ýa pygamberleriň biri diýýärler» diýdiler.
15
Isa olara: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi.
16
Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.
17
Isa Oňa şeýle diýdi: «Sen bagtlysyň, eý, Ýunus ogly Simun, çünki muny saňa aýan eden ynsan däl-de, Gökdäki Atamdyr.
18
Men saňa diýýärin, sen Petrussyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, dowzahyň derwezeleri oňa garşy durup bilmez.
19
Gögüň Patyşalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde baglan her zadyň Gökde bagly bolar. Ýer ýüzünde açan her zadyň Gökde açyk bolar».
20
Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.
21
Isa şondan beýläk şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigini, ýaşulularyň, baş ruhanylaryň we kanunçylaryň elinden görgi görmelidigini, öldürilip, üçünji güni direlmelidigini düşündirmäge başlady.
22
Petrus Ony bir çete çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykdy.
23
Ol öwrülip, Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa päsgel berýärsiň, çünki sen Hudaý işlerini däl-de, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýdi.
24
Onsoň Isa şägirtlerine şeýle ýüzlendi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.
25
Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim öz janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.
26
Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp, janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bolar? Ýa-da adam janyna derek näme berip biler?
27
Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.
28
Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde duranlaryň arasynda Ynsan Oglunyň Öz Patyşalygynda gelýänini görmezden öň, ölümi datmajak käbir adamlar bar».
← Chapter 15
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 17 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28