bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
Matthew 28
Matthew 28
Turkmen Latin 2002
← Chapter 27
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
1
Sabat güni geçenden soň, hepdäniň ilkinji güni daň bilen magdalaly Merem we beýleki Merem mazary görmäge gitdiler.
2
Ine, birden ýer güýçli titredi, çünki Rebbiň bir perişdesi Gökden indi we gelip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy.
3
Onuň görnüşi ýyldyrym kimin, eginbaşy gar ýaly akdy.
4
Garawullar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýykyldylar.
5
Perişde aýallara şeýle diýdi: «Gorkmaň, çünki men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.
6
Ol bu ýerde däl, aýdyşy ýaly, direldi. Geliň, Rebbiň ýatan ýerini görüň.
7
Tiz gidip şägirtlerine: „Isa direlipdir, ine, sizden öň Jelilä barýar. Ony ol ýerde görersiňiz\ diýiň. Ine, men size aýtdym».
8
Aýallar gorky hem şatlyk bilen tiz mazaryň ýanyndan aýrylyp, habary Isanyň şägirtlerine bildirmek üçin ylgaşdylar.
9
Onuň şägirtlerine habar berjek bolup barýarkalar, Isa olara sataşyp: «Salam!» diýdi. Olar hem ýakyna gelip, Onuň aýagyna ýapyşdylar, Oňa sežde etdiler.
10
Onsoň Isa olara: «Gorkmaň, baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi.
11
Olar barýarkalar, garawullaryň birnäçesi şähere baryp, bolan ähli zatlary baş ruhanylara habar berdiler.
12
Olar-da ýaşulular bilen ýygnanyşyp maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip,
13
şeýle diýdiler: «Halka: „Şägirtleri gije gelip, biz ýatyrkak, Onuň jesedini ogurlapdyrlar\ diýiň.
14
Bu söz häkimiň gulagyna baryp ýetse, biz ony ynandyryp, sizi ünjüden dyndararys».
15
Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýehudylaryň arasynda şu güne çenli dowam edip gelýär.
16
Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä ― Isanyň aýdan dagyna gitdi.
17
Isany görüp, Oňa sežde etdiler, ýöne olaryň käbiri şübhelendi.
18
Isa hem ýanlaryna gelip, olara şeýle diýdi: «Ähli ygtyýar ýerde-Gökde Maňa berildi.
19
Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň.
20
Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn. Omyn».
← Chapter 27
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28