bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
Revelation 16
Revelation 16
Turkmen Latin 2002
← Chapter 15
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 17 →
1
Onsoň ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.
2
Birinji perişde gidip, käsesini ýer ýüzüne dökdi. Janawaryň tagmasy bolan we onuň suratyndaky buta sežde eden adamlarda erbet hem gaty agyryly ýaralar peýda boldy.
3
Ikinji perişde käsesini deňze dökdi. Deňiz öliniň ganyna meňzeş gana döndi, içindäki bütin jandarlar öldi.
4
Üçünji perişde käsesini derýalara, suw bulaklaryna dökdi. Olar-da gana döndi.
5
Men suwlaryň perişdesiniň şeýle diýenini eşitdim: «Häzir bar bolan hem geçmişde bar bolan mukaddes Hudaý! Sen bu hökümleriňde adylsyň. Çünki Sen şeýle höküm çykardyň.
6
Çünki olar mukaddesleriň hem pygamberleriň ganyny dökdüler. Sen-de olara içmäge gan berdiň. Olaryň almyty budy».
7
Men gurbanlyk edilýän ýerden gelen bir sesiň: «Hawa, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý! Seniň hökümleriň dogry hem adyldyr» diýenini eşitdim.
8
Dördünji perişde käsesini Günüň üstüne dökdi. Güne ynsanlary ot bilen ýakyp-gowurma güýji berildi.
9
Ynsanlar güýçli gyzgyn bilen gowruldylar, ýöne toba edip, bu belalara ygtyýary bolan Hudaýy şöhratlandyrmagyň deregine, Onuň adyna sögdüler.
10
Bäşinji perişde käsesini janawaryň tagtynyň üstüne dökdi. Janawaryň patyşalygy garaňkylykda gömüldi. Ynsanlar dertden ýaňa dillerini dişlediler.
11
Eden işlerine toba etmeýişleri ýaly, dert hem ýaralary üçin, Gökdäki Hudaýa sögdüler.
12
Altynjy perişde käsesini uly Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelen patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady.
13
Onsoň aždarhanyň agzyndan, janawaryň agzyndan we ýalan pygamberiň agzyndan gurbaga meňzeş üç murdar ruhuň çykanyny gördüm.
14
Bular alamatlar döredip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweş üçin, bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýar.
15
«Ine, ogry ýaly gelýärin! Ýalaňaç gezip, uýat ýeri görünmez ýaly, oýa bolup, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»
16
Patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýerde üýşürdiler.
17
Ýedinji perişde käsesini howa dökdi. Ybadathanadaky tagtdan çykan batly ses: «Boldy!» diýdi.
18
Şonda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler çykyp, Gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde bolaly bäri Ýer şeýle gaty titremändi.
19
Uly şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri ýykyldy. Uly Babyl Hudaýyň huzurynda ýatlandy, Hudaýyň otly gazap käsesi oňa berildi.
20
Bütin adalar ýitirim bolup, daglar tapylmaz boldy.
21
Ynsanlaryň üstüne Gökden her damjasynyň agramy bir talanta golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar ol doly belasy sebäpli, Hudaýa sögdüler. Çünki ol bela gaty aýylgançdy.
← Chapter 15
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 17 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22