bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
Revelation 22
Revelation 22
Turkmen Latin 2002
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
1
Perişde maňa şäher köçesiniň ortasynda Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykýan bulgur ýaly dury ýaşaýyş suwunyň derýasyny görkezdi.
2
Derýanyň iki tarapynda on iki hili miwe öndürýän, her aý miwesini berýän ýaşaýyş agajy bardy. Agajyň ýapraklary milletlere şypady.
3
Indi hiç zat gargyş astynda galmaz. Hudaýyň we Guzynyň tagty şäherde bolar. Bendeleri Oňa gulluk eder.
4
Onuň ýüzüni görer, maňlaýlarynda Onuň ady bolar.
5
Indi gije bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de Günüň nury gerek bolar. Reb Hudaý olara yşyk bolup, olar ebedilik höküm sürer.
6
Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ynamlydyr, çyndyr! Pygamberleriň ruhlarynyň Hudaýy Reb, şu ýakynda boljak wakalary Öz gullaryna bildirjek bolup, perişdesini ýollady».
7
«Ine, basym gelýärin! Bu kitabyň weli sözlerini berjaý eden bagtlydyr!»
8
Bu zatlary eşiden, gören men, Ýahýa. Bulary eşiden, gören mahalym men bulary özüme görkezen perişdä sežde etjek bolup, onuň aýaklaryna ýykyldym.
9
Emma ol maňa şeýle diýdi: «Beýle iş etme! Men seniň, seniň pygamber doganlaryň bilen bu kitabyň sözlerini berjaý edýänleriň ýoldaşydyryn. Hudaýa sežde et!»
10
Onsoň maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň weli sözlerini möhürleme. Çünki garaşylan wagt ýakyndyr.
11
Erbetlik eden ýene erbetlik etsin, hapa bolan hapalygynda galsyn. Dogry adam ýene dogrulyk etsin. Mukaddes-de mukaddesligine galsyn».
12
Ine, basym gelýärin! Berjek sylaglarym ýanymdadyr. Her kese etmişine görä hak bererin.
13
Alfa we Omega, ilkinji hem ahyrky, başlangyç we soň Mendirin».
14
Ýaşaýyş agajyndan iýmitlenme hakyny almak, derwezelerden geçip, şähere girmek üçin, Onuň tabşyryklaryny berjaý edenler bagtlydyr!
15
Itler, ýagny jadygöýler, zynagärler, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, işlerini ýalan bilen ýöredenleriň bary daşarda galar.
16
«Men ― Isa, imanlylar ýygnaklaryna degişli bolan bu güwäligi size ýetirsin diýip, Öz perişdämi ýolladym. Men Dawudyň kökünden we neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»
17
Ruh we gelin: «Gel!» diýýär. Her eşiden «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn.
18
Bu kitabyň weli sözlerini eşiden kişä duýdurýaryn! Biri bu sözlere bir zat goşsa, Hudaý hem onuň jezasyna bu kitapda agzalan belalary goşar.
19
Eger-de biri bu weli kitabyň sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalan ýaşaýyş agajyndan, mukaddes şäherden oňa ýeten paýy yzyna alar.
20
Bularyň ählisine güwälik edýän: «Hawa, basym gelýärin!» diýýär. Omyn! Gel, ýa Reb Isa!
21
Rebbimiz Isanyň merhemeti ähliňiz bilen bolsun. Omyn!
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22