bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
Romans 13
Romans 13
Turkmen Latin 2002
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 14 →
1
Her kişi ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun, çünki Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur, bu barlar Hudaý tarapyndan gurlandyr.
2
Munuň üçin kim häkimiýete garşy bolýan bolsa, Hudaýyň guranyna garşy bolýandyr, garşy bolýanlar özlerini höküm edýändir.
3
Çünki başlyklar ýagşy iş edýän üçin däl-de, ýaman iş edýän üçin gorkunçdyr. Häkimiýetden gorkmazlyk isleýärsiňmi? Onda ýagşy iş et, ol seni taryplar.
4
Sebäbi başlyk seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, onda gork, çünki ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Sebäbi ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýamanlyk edenden jeza berip, öç alýandyr.
5
Şonuň üçin diňe jeza zerarly däl-de, ynsap sebäpli hem häkimiýetlere tabyn bolmak zerurdyr.
6
Siz salgytlary hem munuň üçin töleýärsiňiz. Olar mydama şu iş bilen meşguldygy sebäpli Hudaýyň hyzmatkäridir.
7
Her kişä bermelisini beriň: salgyt bolsa, salgydy; gümrük bolsa, gümrügi; gorky bolsa, gorkyny; hormat bolsa, hormaty.
8
Biri-biriňizi söýmekden başga hiç kime bergili bolmaň, sebäbi kim başgany söýýän bolsa, kanuny berjaý edýändir.
9
Çünki: «Zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, açgöz bolma» we ýene-de buýruk bar bolsa, ol hem şu sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý».
10
Söýgi goňşa hiç hili ýamanlyk etmez. Söýgi kanunyň berjaý edilişidir.
11
Muny häzirki zamana düşünip ediň. Biziň ukudan oýanmaly sagadymyz eýýäm geldi, çünki şu wagt gutulyşymyz iman eden wagtymyzdakydan ýakyndyr.
12
Gije geçip, gündiz golaýlady. Indi garaňkylyk işlerini egnimizden çykaryp, nur ýaraglaryny dakynalyň.
13
Aýşy-eşret, serhoşluk, azgynlyk, ahlaksyzlyk, dawa, içigaraçylyk bilen däl-de, gündizki ýaly sypaýy gezeliň.
14
Reb Isa Mesihi geýniň, teniň höweslerini kanagatlandyrmak üçin alada etmäň.
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 14 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16