bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen Latin 2002
/
Romans 16
Romans 16
Turkmen Latin 2002
← Chapter 15
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
1
Kenreadaky ýygnagyň gullukçysy aýal doganymyz Fibini size tabşyrýaryn.
2
Ony mukaddeslere mynasyp ýagdaýda Rebde kabul edip, size mätäç zatlarynda kömek beriň, çünki ol köplere, meniň özüme-de kömekçi boldy.
3
Mesih Isa ýolunda işdeşlerim Priskilla bilen Akila salam aýdyň.
4
Olar meniň janym üçin öz janlaryny howp astyna saldylar, olara diňe men däl, milletleriň ähli ýygnaklary hem minnetdar.
5
Olaryň öýündäki ýygnaga-da salam aýdyň. Mesih üçin Aziýanyň ilkinji miwesi eziz dostum Epenetosa salam aýdyň.
6
Siziň üçin köp zähmet çeken Mereme salam aýdyň.
7
Resullar arasynda at-abraý gazanyp, Mesihe menden öň iman eden garyndaşlarym, tussagdaşlarym Andronikosa bilen Ýuniasa salam aýdyň.
8
Rebde eziz dostum Ampliýatusa salam aýdyň.
9
Mesihde işdeşimiz Urbanusa, eziz dostum Stahise salam aýdyň.
10
Mesihde synagdan geçen Apellise salam aýdyň. Aristobulosyň içersine salam aýdyň.
11
Garyndaşym Hirodiona salam aýdyň. Narkissisiň içersinden Rebde bolanlara salam aýdyň.
12
Rebde zähmet çekýän Trifena, Trifosa salam aýdyň. Rebde köp zähmet çeken söýgüli Persise salam aýdyň.
13
Rebde saýlanan Rufusa we maňa hem enelik eden onuň enesine salam aýdyň.
14
Asinkritosa, Flegona, Ermise, Patrobasa, Ermasa we olaryň ýanyndaky doganlara salam aýdyň.
15
Filologosa we Ýuliýa, Nereusa hem-de onuň aýal doganyna, Olimpasa we olaryň ýanyndaky ähli mukaddeslere salam aýdyň.
16
Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň. Mesihiň hemme ýygnaklary size salam gönderýär.
17
Eý doganlar, öwrenen taglymatyňyza garşy gidip, bölünme we böwetlere sebäp bolýanlardan ägä bolmagy sizden haýyş edýärin, olardan daşda duruň.
18
Çünki beýle adamlar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz garynlaryna gulluk edýändir, süýji söz sözläp, owadan gürläp, ýönekeý adamlaryň ýüreklerini aldawa salýandyr.
19
Siziň boýun bolanlygyňyz hemmäniň gulagyna ýetdi. Men munuň üçin hem begenýärin, ýöne siziň ýagşylykda akyldar, erbetlikde ýöntem bolmagyňyzy isleýärin.
20
Parahatlyk Hudaýy haý diýmän, şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun!
21
Işdeşim Timoteos, garyndaşlarym Lukius, Ýason we Sosipatros size salam gönderýär.
22
Bu haty ýazan men Tertius size Rebde salam aýdýaryn.
23
Meni hem bütin ýygnagy myhman alan Gaýus size salam gönderýär. Şäheriň hazynaçysy Erastos we doganymyz Kuwartos size salam gönderýär.
24
Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň hemmäňiz bilen bolsun! Omyn.
← Chapter 15
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16