bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 Corinthians 12
1 Corinthians 12
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 13 →
1
Indi bolsa, eý, doganlar, men siziň Ruhuň peşgeşleri babatda habarly bolmagyňyzy isleýärin.
2
Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.
3
Şoňa görä-de, şuňa aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: Hudaýyň Ruhundan ylham alýan ynsan: «Isa Mesihe nälet bolsun!» diýmez. Mukaddes Ruh ynandyrmasa, ynsan: « Isa Rebdir!» diýip bilmez.
4
Mukaddes Ruhuň berýän peşgeşleri dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Ruhdandyr.
5
Hyzmatlar dürli-dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Reb üçindir.
6
Amallar dürli-dürlüdir, ýöne her kesde ähli zady edýän şol bir Hudaýdyr.
7
Her kesde Mukaddes Ruhuň aýan bolmagy hemmeleriň bähbidi üçindir.
8
Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär.
9
Başga birine Mukaddes Ruh iman baýlygyny, ýene birine şypa berme peşgeşlerini berýär.
10
Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.
11
Bularyň baryny ýeke-täk bir Mukaddes Ruh edýändir. Ol her kese Öz isleýşine görä berýändir.
12
Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir.
13
Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi — tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.
14
Beden bir agzadan ybarat däldir. Onuň agzasy köpdür.
15
Aýak: «Men el däl, men bu bedene degişli däl» diýeni bilen beden agzasy bolmagyny bes edýärmi näme?
16
Gulak hem «Men göz däl, men bedene degişli däl» diýse-de, beden agzalygyna galýandyr.
17
Eger bütin beden göz bolan bolsa, onda ol nädip eşiderdi? Eger bütin beden gulak bolan bolsa, onda ol nädip ys alardy?
18
Emma Hudaý hemme agzalary bir bedende ýerleşdirip, olaryň hersini Öz halaýşyna görä goýdy.
19
Eger agzalaryň bary haýsydyr bir agza bolan bolsa, onda beden nirede bolardy?
20
Aslynda agzalar köp, beden bolsa birdir.
21
Göz ele: «Sen maňa gerek däl!» diýip bilmeýär. Kelle hem aýaklara: «Siz maňa gerek däl!» diýip bilmeýär.
22
Tersine, bedeniň ejiz saýylýan agzalary has gereklidir.
23
Hormatsyzrak saýylýan agzalara welin aýratyn hormat goýýarys. Gelşiksiz saýylýan agzalarymyz barada aýratyn alada edýäris.
24
Bedeniň gelşikli agzalary bolsa şeýle alada mätäç däldir. Hudaý beden agzalaryny birikdirende, onuň ähmiýetsiz saýylýan agzalaryna has köp ähmiýet berdi.
25
Ol muny bedende hiç bölünişik bolman, agzalar biri-biri barada deň derejede alada etsinler diýip etdi.
26
Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.
27
Siziň ähliňiz Isa Mesihiň bedenisiňiz, her biriňiz bedeniniň bir agzasysyňyz.
28
Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.
29
Eýsem hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler taglym öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir?
30
Şypa berme peşgeşi hemmelerde barmy? Hemmeler nämälim dillerde gürleýärmi? Hemmeler bu dillerde aýdylanlary düşündirip bilýärmi?
31
Ýöne siz has ulurak peşgeşleri almaga ymtylyň. Indi bolsa size iň gowy ýoly salgy bereýin.
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 13 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16