bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 Corinthians 13
1 Corinthians 13
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 14 →
1
Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn.
2
Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.
3
Eger men tutuş emlägimi garyp-gasarlara paýlap-da, magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de, söýgim bolmasa, bularyň maňa hiç peýdasy ýokdur.
4
Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar,
5
biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar.
6
Söýgi ýamanlyga şatlanmaýar, ol hakykata şatlanýandyr.
7
Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr.
8
Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez.
9
Çünki biz häzir bölekleýin bilýäris, bölekleýin pygamberlik edýäris.
10
Kämillik gelende, bölekleýin zatlar tamamlanar.
11
Men çagakam, çaga ýaly gürleýärdim, çaga ýaly oýlanýardym, çaga ýaly pikir ýöredýärdim. Emma ulalyp kemala gelenimde, çagalyk ýörelgelerini taşladym.
12
Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin.
13
Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt we söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 14 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16