bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Corinthians 13
2 Corinthians 13
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
1
Häzir siziň ýanyňyza üçünji gezek barýandyryn. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda «Ähli zat iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn» diýip ýazylandyr.
2
Men ýanyňyza ikinji gezek baranymda günä edýänlere we beýlekilere eýýäm duýduryş beripdim. Indi ýanyňyzda bolmasam-da, duýduryşymy gaýtalaýaryn: baranymda olary-da, beýlekileri-de gaýgyrmaryn.
3
Sebäbi siz Mesihiň men arkaly gürleýändigini subut edýän delilleri talap edýärsiňiz ahyryn. Mesih siz bilen iş salşanda ejiz däldir, Ol siziň araňyzda güýçlüdir.
4
Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da, indi Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýandyr. Biz hem Mesihiň ejizligine şärik bolmak bilen, siziň ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesihiň ýaşaýşyna hem şärikdiris.
5
Imanda mäkäm durup-durmaýanlygyňyzy bilmek üçin, özüňizi synap görüň. Eýsem siz Isa Mesihiň araňyzdadygyny bilmeýäňizmi? Ýa-da siz synagdan geçmeýänlerdenmi?
6
Biziň synagdan geçendigimizi bilersiňiz diýen umydym bar.
7
Biz siziň ýaman işleri etmezligiňiz üçin Hudaýa doga-dilegler edýäris. Şeýtmek bilen, biz özümizi synagdan geçen hökmünde görkezmek islämzok. Tersine, biz synagdan geçmedik bolup görnäýenimizde-de, siz ýagşy işleri etseňiz, şol ýeterlikdir.
8
Çünki hakykata garşy çykmaga gaýratymyz ýokdur, biz hakykatyň ugrunda gaýratlydyrys.
9
Biz özümiz ejiz, siz-de güýçli bolanyňyzda şatlanýarys. Şonuň üçin-de, siziň kämilleşmegiňiz üçin doga-dileg edýäris.
10
Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.
11
Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.
12
Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Hudaýyň bärdäki halky size köp salam aýdýar.
13
Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we Hudaýyň söýgüsi hemmäňize ýar bolsun! Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşykda ýaşaň!
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13