bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Corinthians 9
2 Corinthians 9
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 8
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 10 →
1
Hudaýyň Iýerusalimdäki ýygnaklaryna pul ýardamyny bermek barada size ýazmagyň geregi ýok.
2
Çünki men siziň ýardam etmekdäki yhlasyňyzy bilýärin. Men: «Ahaýa welaýaty geçen ýyldan bäri taýýardyr» diýip, makedoniýalylara siz babatda magtanýaryn. Siziň şeýle yhlasyňyz köpleri höweslendirdi.
3
Men doganlara siziň taýýardygyňyz we pul kömeginiň eýýäm ýygnalandygyny aýdypdym. Ine, şu zatlara göz ýetirmek üçin, olary siziň ýanyňyza iberýärin. Men siz baradaky magtanjymyň ýalan bolup çykmagyny islämok.
4
Ýogsa makedoniýalylar meniň bilen baryp-da, siziň taýýar däldigiňizi görseler, siz babatda şeýle ynamly gürlänimize gaty utanarys. Siz barada gürrüň-de ýok!
5
Şoňa görä-de, wada edilen hemaýatyňyzyň taýýardygyna göz ýetirmek üçin, özüm barmazdan öň doganlarymyzy ýanyňyza ibermeli diýen karara geldim. Ýöne men hemaýatyňyzyň mejbury däl-de, göwünjeňlik bilen berlen peşgeş bolmagyny isleýärin.
6
Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr.
7
Göwünsizlik ýa mejburlyk bilen däl-de, her kes göwnünden çykaranyny bersin. Çünki Hudaý göwünjeňlik bilen berýäni halaýandyr.
8
Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, islendik ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size merhemetini boldan-bol bermegi başarýandyr.
9
Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylandyr: «Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi».
10
Hudaý daýhanyň ekjek tohumyny, iýjek çöregini ýetirýändir. Şoňa görä-de, Ol siziň ekeniňizi boldan-bol artdyryp, dogrulygyňyzyň bol hasylyny ýetişdirmegi hem başarar.
11
Siz her zatda sahy bolup bileriňiz ýaly, ähli zada baý bolarsyňyz. Biz siziň sahy peşgeşiňizi eltip berenimizde, köp adamlar Hudaýa şükür ederler.
12
Çünki siziň bu hemaýatyňyz Hudaýyň halkynyň mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa edilýän şükürleriň dolup-daşmagyna hem sebäp bolar.
13
Siziň bu hemaýatyňyz Isa Mesih baradaky Hoş Habara sadykdygyňyzy subut edýär. Siz elde baryňyzy olara we beýleki imanlylara sahylyk bilen eçilýärsiňiz. Ine, şularyň bary üçin Hudaýyň halky Ony şöhratlandyrar.
14
Hudaýyň size beren boldan-bol merhemetini görüp, olar siziň üçin doga-dilegler ederler, siziň bilen didarlaşmagy küýsärler.
15
Hudaýyň şeýle ajaýyp peşgeşi üçin Oňa şükürler bolsun!
← Chapter 8
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 10 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13