bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Samuel 8
2 Samuel 8
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 7
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 9 →
1
Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Metekamma galasyny piliştlileriň elinden aldy.
2
Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.
3
Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezeri boýun egdirdi.
4
Dawut onuň bir müň ýedi ýüz sany söweş arabaly esgerlerini hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi.
5
Damaskda ýaşaýan siriýalylar Soba patyşasy Hadadgezere kömege gelende, Dawut siriýalylaryň ýigrimi iki müňüsini öldürdi.
6
Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.
7
Dawut Hadadgezeriň gullarynyň göterýän altyn galkanlaryny alyp, Iýerusalime getirdi.
8
Dawut patyşa Hadadgezeriň Beta hem-de Berotaý galalaryndan juda köp bürünç aldy.
9
Hamat şasy Togy Dawudyň Hadadgezeriň ähli goşunyny derbi-dagyn edendigini eşitdi.
10
Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togy öz ogly Ýoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togy bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Ýoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.
11
[11-12] Dawut bu sowgatlary-da öz boýun egdiren ähli milletlerinden: edomlardan, mowaplardan, ammonlardan, piliştlilerden, amaleklerden hem-de Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezerden alan altyndyr kümüşleri bilen birlikde Rebbe bagyş etdi.
13
Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürenden soň, Dawudyň meşhurlygy has-da artdy.
14
Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.
15
Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.
16
Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat — baş emeldardy,
17
Ahytubyň ogly Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelek — ruhanydylar, Seraýa — kätipdi,
18
Ýehoýadanyň ogly Benaýa — keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa ruhanydylar.
← Chapter 7
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 9 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24