bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Samuel 9
2 Samuel 9
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 8
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 10 →
1
Dawut: «Ýonatanyň hatyrasy üçin ýagşylyk ederim ýaly, Şawulyň neslinden galan barmyka?» diýip sorady.
2
Şawulyň neslinden Siba atly bir hyzmatkär bardy. Ony Dawudyň ýanyna çagyrdylar. Patyşa ondan: «Sen Sibamy?» diýip sorady. Siba: «Hawa, men şol guluň» diýip jogap berdi.
3
Patyşa ondan: «Şawulyň neslinden aman galan barmy? Hudaýyň hatyrasyna men oňa wepalylyk görkezjek» diýip sorady. Siba: «Ýonatanyň iki aýagy-da agsak bir ogly bar» diýip jogap berdi.
4
Patyşa ondan: «Ol nirede?» diýip sorady. Siba: «Ol Lodebarda, Emiýeliň ogly Makyryň öýünde» diýip jogap berdi.
5
Dawut patyşa Ýonatanyň ogluny Lodebardan, Emiýeliň ogly Makyryň öýünden getirtdi.
6
Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi. Ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym etdi. Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Hawa, men şol guluň!» diýip jogap berdi.
7
Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi.
8
Mepiboşet oňa tagzym edip: «Men guluň öli bir it ahyryn, näme üçin sen maňa ýagşylyk edýäň?» diýdi.
9
Soňra patyşa Şawulyň hyzmatkäri Sibany çagyryp, oňa: «Şawula hem onuň nesline degişli bolan zatlaryň ählisini jenabyňyň agtygyna berendirin.
10
Sen ogullaryň we hyzmatkärleriň bilen ýeri onuň üçin bejerip, hasylyny ýygnarsyň, şonda ol jenabyňyň agtygynyň harajady bolar, emma jenabyňyň agtygy Mepiboşet hemişe meniň saçagymdan naharlanar» diýdi. Sibanyň on bäş ogly bilen ýigrimi hyzmatkäri bardy.
11
Siba Dawut patyşa: «Şa hezretleriniň men guluna emr eden zatlarynyň ählisi berjaý ediler» diýdi. Mepiboşet edil Dawudyň öz ogullarynyň biri ýaly onuň saçagyndan naharlanýardy.
12
Mepiboşediň Mika atly ýaşajyk bir ogly bardy. Sibanyň öýünde ýaşaýanlaryň ählisi indi Mepiboşediň hyzmatkärleri boldular.
13
Mepiboşet Iýerusalimde ýaşaýardy, sebäbi ol hemişe patyşanyň saçagyndan naharlanýardy. Onuň iki aýagy-da agsakdy.
← Chapter 8
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 10 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24